Aşgabatda baýramçylyk at çapyşygynyň jemleýji ýaryşynyň ýeňijisine 300 müň manat berildi

  • 29.09.2025 09:38
  • 10k+

28-nji sentýabrda döwrebaplaşdyrylan Aşgabat atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklary guraldy. Dürli aralyga çapyşyklaryň ýedisi geçirildi.

Alty çapyşygyň ýeňijileri 100 müň manat, jemleýji, ýedinji çapyşygyň ýeňijisi bolsa 300 müň manat möçberinde baýrak aldy diýip, "Neýtralnyý Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

  • 1 müň 600 metr aralyga geçirilen birinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Babadaş atly dor at pellehana ilkinji bolup gelmegi başardy. Ol bu aralygy geçmek üçin 1 minut 51,3 sekunt sarp etdi. Onuň çapyksuwary üçünji derejeli çapyksuwar M.Agamyradow.
  • 1 müň 600 metr aralyga geçirilen ikinji çapyşykda bolsa Aşgabat şäher häkimligine degişli Gelejek atly gara at öňdeligi eýeledi. Ol bu aralyk üçin 1 minut 51,7 sekunt sarp etdi. Gelejegiň çapyksuwary ussat çapyksuwar Ö.Ýalkabow.
  • Üçünji çapyşykda hem atlar 1 müň 600 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli Hazyna atly mele at pellehana ilkinji bolup geldi. Onuň çapyksuwary D.Atdaýew. Hazyna bellenilen aralygy geçmek üçin 1 minut 50 sekunt sarp etdi.
  • Dördünji çapyşykda dört we uly ýaşar atlar 1 müň 600 metr aralyga ýaryşa goşuldylar. Çekeleşikli geçen çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dowamat atly dor at pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Onuň görkezen wagty 1 minut 48,2 sekunda deň boldy. Dowamatyň çapyksuwary B.Babaýew.
  • Bäşinji çapyşykda-da dört we uly ýaşar atlar 1 müň 600 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda Aşgabat şäher häkimligine degişli Garaýel atly gara at 1 minut 48,7 sekuntda pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar R.Seýidow.
  • Altynjy çapyşykda dört we uly ýaşar atlar 2 müň 200 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Tokaý hojalygy” döwlet kärhanasyna degişli Gudratlydag atly mele at ýeňiji bolmagy başardy. Gudratlydag bellenilen aralygy geçmek üçin 2 minut 33 sekunt sarp etdi. Onuň çapyksuwary D.Berdimämmedow.
  • Jemleýji, ýedinji çapyşykda dört we uly ýaşar atlar Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragyny almak ugrunda 2 müň 200 metr aralyga ýaryşdylar. Çekeleşikli geçen çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bezirgen atly akýal mele at pellehanadan ilkinji bolup geçmegi başardy. Ol bellenilen aralygy geçmek üçin 2 minut 34,5 sekunt sarp etdi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar B.Agamyradow.

Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy.

"Bezirgen diýen bedewimi Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Maksatmyrat Agamyradow seýisledi. Ula goşulan saýlama bedewleriň bary ýyndam atlardy. Şonuň üçin ýelden ýyndam dört we uly ýaşar aýlaw baglan bedewler badalgadan çykan badyna ýaryş gyzgalaňly ýagdaýa eýe boldy. Çapuwyň dowamynda meniň esasy garşydaşym 4-nji belgide ýaryşa goşulan Daýanjym diýen dor at boldy. Arzyly pellehana golaý gelende, çapyksuwarlar bedewlerini gyssap, elde baryny etdiler, ýöne çapyşyklarda ençeme gezek janköýerlerine şatlyk getiren Bezirgen diýen akýal mele atym nobatdaky gezek beýleki bedewlerden dyzynyň kuwwatlydygyny görkezdi" diýip, jemleýji ýaryşda ýeňiş gazanan ussat çapyksuwar Begençmyrat Agamyradow gürrüň berdi.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.4k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.8k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......