Президент Туркменистана помиловал 225 осуждённых граждан в честь Дня независимости

  • 26.09.2025 10:48
  • 17k+

25-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisiniň barşynda “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen 225 raýat mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutany hemişe bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsiniň geçilýändigini, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleriň yzygiderli geçirilip durulýandygyny belledi. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýew jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany Permana gol çekip, B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Serdar Berdimuhamedow günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.


вчера 23:05
992

Мередов встретился с завершающим свою миссию послом Германии

24 июня министр иностранных дел Туркменистана Рашид Мередов провёл встречу с чрезвычайным и полномочным послом Федеративной Республики Германия в Туркменистане Берндом Хайнсом, завершающим свою дипломатическую......

вчера 16:45
830

Делегация Туркменистана участвует в Форуме развития Фонда ОПЕК в Вене

Делегация Туркменистана во главе с председателем правления Государственного банка внешнеэкономической деятельности Туркменистана Рахымберди Джепбаровым принимает участие в Форуме развития Фонда ОПЕК 2026.......

23.06.2026 22:17
2k+

Туркменистан и ЕС провели 18-й Диалог по правам человека

22 июня в Министерстве иностранных дел Туркменистана состоялся 18-й Диалог по правам человека между Туркменистаном и Европейским союзом. Об этом сообщает пресс-служба внешнеполитического ведомства....

23.06.2026 19:20
5.7k+

Туркменистан и Польша подписали меморандум о сотрудничестве в миграционной сфере

22 июня в Варшаве состоялась встреча начальника Государственной миграционной службы Туркменистана А.Сазакова и главы Государственной пограничной службы Министерства внутренних дел Польши Роберта Багана. По......