Mejlisler merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçirildi

  • 27.09.2025 11:23
  • 10k+

26-njy sentýabrda Aşgabatdaky Mejlisler merkezinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda medeniýet we sungat ussatlarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan konserti geçirildi.

Dabara Hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň wekilleri, talyplar, şeýle-de baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen köp sanly daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.
Konsertiň maksatnamasy türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gazanylan ösüşleri şöhlelendirýän köpöwüşginli we ilkinji gezek ýerine ýetirilýän çykyşlar bilen tapawutlandy.
Ýurdumyzyň meşhur döredijilik toparlary, türkmen estradasynyň ýyldyzlary, folklor toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler.
Häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagy konsertiň özboluşly mazmunyny ýüze çykardy. Sazandalaryň, meşhur halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň ajaýyp çykyşlary Watanymyzyň ýeten sepgitlerini aýdyň şöhlelendirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine, Kerim Berdimuhamedowyň sazyna döredilen “Ak şäherim Aşgabat” atly aýdym konserte gatnaşýan medeniýet we sungat ussatlarynyň birnäçesiniň, meşhur tans toparynyň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanyp, Aşgabadyň täze taryhy döwürde gazananlarynyň senasy hökmünde kabul edildi.
Dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Garaşsyz Diýarly, Arkadagly Serdarly baky bagtyýar türkmen” atly ajaýyp aýdym baýramçylyk konsertiniň jemlenmesine öwrüldi.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......