Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk ýörişi geçirildi

  • 27.09.2025 18:15
  • 11k+

Aşgabatda Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk ýörişi geçirildi.

Ir bilen Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýaşulular, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.
Baýramçylyk ýörişini harby güýçleriň ähli goşun görnüşleriniň harby ýörişli çykyşlary açdy. Soňra ýöriş deňiz giňişliginde dowam etdi: münberiň garşysyndaky uly ekranda Hazar deňziniň çäginde ýerleşýän harby-deňiz güýçleriniň gämileri göni ýaýlymda görkezildi. Soňra münberiň öňünden harby tehnikalar geçdi, onuň yzysüre ýöriş asman giňişliginde dowam etdi.
Şondan soň Prezident Serdar Berdimuhamedowa Zaman atly ahalteke bedewi sowgat berildi. Baýramçylyk ýörişi ýurduň ähli welaýatlarynyň hem-de ykdysadyýet pudaklarynyň wekilleriniň ýörişi bilen dowam etdi.
Teletomaşaçylar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli guralan baýramçylyk ýörişine milli telewideniýede göni ýaýlymda tomaşa edip bildiler.


05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....