Türkmenistanyň Prezidenti «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylary gutlady

  • 06.09.2025 13:22
  • 3.1k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň çäklerinde guralýan zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary gutlady.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna Arkadag we Aşgabat şäherlerinden, ýurdumyzyň welaýatlaryndan zehinli aýdymçy çagalaryň 21-si, çagalar tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlarynyň 13-si gatnaşmaga hukuk gazandy.

"Milli aýdym-saz sungatymyzyň ýaş wekilleri bolan siziň çaga kalbyňyzdan joşup çykýan ajaýyp sungat eserleriňizde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şanly ösüşleri, güneşli Diýarymyza bolan beýik buýsanç belentden ýaňlanyp, halkymyzyň geçen şöhratly taryhy ýoly dabaralandyrylýar. Bagtly çagalygyň hem-de iň arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna öwrülen eziz Watanymyzda siziň hoş owaz bilen ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryňyz mukaddes Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy, baky berkararlygymyzy, gözel ýurdumyzyň we merdana halkymyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýýan täsin sungatdyr" diýip, döwlet Baştutany gutlagynda belleýär.
"Ýaş nesillerimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmek döwletimiziň binýadynyň berkdigini kepillendirýän esasy şertdir. Şoňa görä-de, geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim almagyna, watansöýüjiligiň belent ruhunda terbiýelenmegine, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn ösmegine, ynsanperwer ýörelgelerimiziň, maşgala gymmatlyklarymyzyň hem-de milli däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam etdirilmegine döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlary hökmünde aýratyn ähmiýet berýäris. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde, etrapdyr şäherçelerimizde durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen bir hatarda, döwrebap çagalar baglaryny, orta mekdepleri, ýörite sungat mekdeplerini hem-de çagalar sungat mekdeplerini giň gerim bilen gurýarys. Medeniýet ojaklarynyň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, medeniýet we sungat ugurly bilim edaralarynyň işini yzygiderli kämilleşdirýäris. Biz geljekde hem siziň döwrebap bilim almagyňyz, sport, döredijilik bilen meşgullanmagyňyz, zehiniňizi kämilleşdirmegiňiz üçin zerur bolan ähli tagallalary ederis" diýip, gutlagda bellenilýär.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......