Aşgabatda döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabarasy geçirildi

  • 22.09.2025 12:17
  • 11k+

20-nji sentýabrda Aşgabatda dürli pudaklarda zähmet çekýän işgärlere, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň hünärmenlerine, döredijilik işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabarasy boldy. Döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, dabaralara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gatnaşdylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlary esasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, kanunçylygy pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ýokary netijeleri gazanmakda önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň, mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, göreldeli zähmetini, hünär ussatlygyny, joşgunly zehinini nazara alyp, şeýle-de Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli, ýurdumyzyň raýatlarynyň uly topary Türkmenistanyň «Gaýrat» hem-de «Watana bolan söýgüsi üçin» medallary bilen sylaglanyldy.
Şeýle-de birnäçe raýatlara Türkmenistanyň hormatly atlary dakyldy. Olar, degişlilikde, «Türkmenistanyň halk artisti», «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy», «Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan aragatnaşyk işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan artisti», «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy», «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti», «Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri», «Türkmenistanyň durmuş hyzmaty çygrynyň at gazanan işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan uçarmany» diýen hormatly atlaryň eýeleri boldular.

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ada mynasyp bolan ýaşuly nesliň wekilleriniň, «Zenan kalby» ordenine eýe bolan zenanlaryň goşantlary aýratyn bellenildi. Daşary ýurtly raýatlaryň birnäçesine Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly gowşuryldy.
Şol gün Aşgabatda şeýle hem Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini hem-de edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň, zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.


düýn 23:05
992

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
830

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......