Duşenbede Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli resmi kabul edişlik guraldy

  • 01.10.2024 15:23
  • 8.7k+

27-nji sentýabrda Duşenbede Türkmenistanyň ýurt Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik guraldy diýip, Türkmenistan habarlar portaly habar berýär.

Resmi kabul edişlige ýokary derejeli myhmanlar, şol sanda Täjigistanyň premýer-ministriniň orunbasary, Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň täjik tarapynyň başlygy Süleýman Ziýozoda, Täjigistanyň DIM-niň wekilleri, Mejlisiň deputatlary, daşary ýurt diplomatlary we türkmen kowçumynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň ilçisi A.Goçmyradow öz çykyşynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmagyň möhümligini belläp geçdi.


Çärä gatnaşyjylar türkmen tagamlary, milli saz gurallary we aýdymlary, şeýle hem kitap eserleri bilen tanyş bolmaga mümkinçilik aldylar.


düýn 23:05
934

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
811

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......