«Garaşsyzlygyň merjen däneleri - 2025» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

  • 08.09.2025 11:16
  • 3.5k+

6-njy sentýabrda “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry geçirildi.

Bäsleşigiň jemleýji konsertinde ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň üstünlikleri, ýurdumyzyň ajaýyp tebigaty, Watana söýgi, çagalaryň bagtyýar durmuşy wasp edildi. Zehinli çagalaryň çykyşlary tomaşaçylaryň el çarpyşmalary bilen garşylanyldy.
Bäsleşigiň jemleri boýunça ýeňijilere Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, noutbuk kompýuterleri, planşetler we degişli diplomlar gowşuryldy.

  • Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Perhat Azadowiç Gaýitnazarow;
  • Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Muhammetemir Amanmyradowiç Çaryýew;
  • Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Aýmelek Täçmuhammedowna Täçmuhammedowa;
  • Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki 9-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Arzuw Orazowna Aganyýazowa;
  • Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndaky 76-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Dädemyrat Sapaýewiç Arazklyçow;
  • Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Daýanç Raşidowiç Raýhanow;
  • Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Jemşit Begenjowiç Garýagdyýew.

Şeýle hem “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.4k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.8k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......