Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 27.09.2025 18:27
  • 7.8k+

26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Ahmet Çalyk mümkinçilikden peýdalanyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň ynanylandygy üçin hoşallyk bildirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dürli ugurlarda, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklarda üstünlikli ösdürilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz ýokary derejede alnyp barylýan bu hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde Türkiýäniň Türkmenistanda işleýän kompaniýalarynyň, hususan-da, “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň goşandyny belledi. Häzirki wagtda kompaniýa senagat we durmuş maksatly möhüm desgalaryň birnäçesiniň gurluşygyna işjeň gatnaşýar. Şeýle-de bu düzümiň Türkmenistanyň energetika pudagynda, saglygy goraýyş ulgamynda alyр barýan işlerine üns çekildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň bilelikde amala aşyrylýan taslamalarda innowasion tehnologiýalaryň we ykdysady taýdan netijeli çözgütleriň ornaşdyrylmagyny goldaýandygyny aýdyp, “Çalyk Holding” kompaniýasynyň mundan beýläk-de täze tehnologiýalary, öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanda möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.
Işewür bildirilen uly ynam üçin hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli we ýokary hilli ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de berk ygrarly boljakdygyna ynandyrdy.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......