Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan söwda gatnaşyklaryny giňeltmek meselelerini maslahatlaşdy

  • 23.08.2025 08:31
  • 4.2k+

22-nji awgustda geçirilen «Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşygyň barşynda özara haryt dolanyşygyny ep-esli artdyrmak, ykdysady ösüşi höweslendirmek meselelerine möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy.

Hususan-da, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow söwdany giňeltmek maksady bilen, hojalygy ýöredýän düzümleriň arasyndaky özara gatnaşyklaryň täze görnüşlerini döretmegiň we ony işjeň ulanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.
Şunda “Daşoguz — Şabat” serhetýaka söwda zolagynyň şu ýylyň ahyryna çenli işe giriziljekdigine ynam bildirildi.
Milli Liderimiz senagat kooperasiýasyny ýola goýmak babatda 2026 — 2035-nji ýyllar döwri üçin üç ýurduň çäginde senagat taslamalaryna bilelikdäki maýa goýumlaryň maksatnamasyny taýýarlamak baradaky başlangyjy öňe sürüp, bu çemeleşmäniň tehnologiýalary netijeli alyşmaga, täze iş orunlaryny döretmäge, dünýä bazarlarynda önümleriň milli görnüşleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.


27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......