Azerbaýjanyň Prezidentine ahalteke bedewi, Özbegistanyň Prezidentine köşekli düýe sowgat berildi

  • 23.08.2025 08:54
  • 22k+

22-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň, Azer­baý­janyň we Öz­be­gis­tanyň Pre­zi­den­tleriniň met­bu­gat mas­la­ha­ty ta­mam­la­nan­dan soň­ra, ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk my­na­sy­bet­li me­de­ni çä­re­le­r geçirildi.

Il­ki bi­len, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len 2007-nji ýyl­da dö­re­di­len “Gal­ky­nyş” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň çy­kyş­la­ry gör­ke­zil­di.
Soň­ra be­lent mer­te­be­li myh­man­la­ra sow­gat­la­ry gow­şur­mak da­ba­ra­sy bol­dy.
Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­ga gat­na­şan­dyk­la­ry, ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň jem­le­ri bo­ýun­ça oňyn çöz­güt­le­riň ka­bul edi­len­di­gi we yla­la­şyk­la­ryň ga­za­nyl­ma­gy­na gol­daw be­ren­dik­le­ri üçin, türk­men ta­ra­py­nyň çuň­ňur ho­şal­ly­gy­nyň ny­şa­ny hök­mün­de dost­luk­ly ýurt­la­ryň Baş­tu­tan­la­ry­na Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­niň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyn­dan sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy. Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýe­we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, Mil­li Li­de­ri­mi­ziň we tu­tuş türk­men hal­ky­nyň adyn­dan Ta­wus at­ly aja­ýyp ahal­te­ke be­de­wi sow­gat be­ril­di. 2022-nji ýyl­da dog­lan, Gün­do­gar hem-de Gaý­ma at­ly be­dew­le­riň nes­li bo­lan ak­ýal me­le reňk­li bu be­dew ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len Fa­kir­päl­wan at­ly be­de­wiň ne­sil ug­ru­na de­giş­li­dir.

Soň­ra Öz­be­gis­tanyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we türk­men hal­ky­nyň adyn­dan kö­şek­li ar­wa­na dü­ýä­niň sow­gat be­ril­ýän­di­gi yg­lan edil­di.

Mil­li Li­de­ri­miz do­gan­lyk döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry bi­len bi­le­lik­de ýa­dy­gär­lik su­ra­ta düş­di hem-de ola­ry sow­gat­la­ry bi­len gut­la­dy. Soň­ra Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ne Ta­wus at­ly aja­ýyp be­de­wiň gü­wä­na­ma­sy­ny uly hor­mat bi­len gow­şur­dy. Şeý­le hem Mil­li Li­de­ri­miz “Ula hor­mat, ki­çä sy­lag” di­ýen paý­has­ly jüm­lä eýe­rip, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ne ar­wa­na dü­ýä­niň res­mi­na­ma­sy­ny gow­şur­dy. Do­gan­lyk döw­let­le­riň Li­der­le­ri gow­şu­ry­lan bu sow­gat­la­ry öz ýurt­la­ry­na we halk­la­ry­na bil­di­ri­len çuň­ňur hor­ma­tyň ny­şa­ny hök­mün­de ka­bul ed­ýän­dik­le­ri­ni nyg­tap, mu­nuň üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze, tu­tuş türk­men hal­ky­na tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.
Şol gün Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýew we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­den öz ýurt­la­ry­na ug­ra­dy­lar.


11.05.2026 22:55
982

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......