“Men ony ýatyraryn”, “Oň bir güni galdy”: ertir Çimaýew – Dýu Plessi söweşi geçiriler

  • 16.08.2025 16:21
  • 16k+

17-nji awgustda Çikagoda (Illinoýs ştaty, ABŞ) UFC 319 ýaryşy geçiriler. Orta agramda çempion guşagy üçin agşamyň esasy söweşinde Hamzat Çimaýew bilen Drikus dýu Plessi duşuşar.

Çimaýew BAE-niň baýdagy bilen çykyş edýär. Onuň hasabynda ýeňlişsiz 14 ýeňiş bar. Günorta afrikaly söweşiji Dýu Plessiniň hasabynda 23 ýeňiş we iki ýeňliş bar. Ol titulyň häzirki eýesidir.
Belläp geçsek, olaryň ikisi-de 31 ýaşynda.
Olaryň oktagona Aşgabat wagty bilen 08:20-de çykmagyna garaşylýar.
Taraplar söweşe mümkin boldugyndan ýokary gyzyklanma döretmäge çalyşýar. Bir gün öň söweşijiler agram çekmek dabarasynda we göz söweşinde tas urşupdylar.

“Ol garşydaş hökmünde hakyky ýyrtyjy, ýöne men bir zady aýdaýyn – men, sabmişen ýa-da nokaut bolsun, ony ýatyraryn. Men siziň ýigidiňizi ýeňerin” – diýip, Dýu Plessi metbugat maslahatynda aýtdy.
“Bir gün, onuň bir güni galdy. Ertir ol maslyk bolýar” – diýip, Çimaýew öz gezeginde belledi.

Agşamyň ýene bir esasy söweşinde amerikaly Aaron Piko bilen britaniýaly Leron Mýorfi duşuşar.

Agşamyň esasy bölegi:

  • ·Drikus dýu Plessi – Hamzat Çimaýew
  • ·Leron Mýorfi – Aaron Piko
  • ·Jeff Nil – Karlos Prates
  • ·Jared Kannonýe – Maýkl Peýj
  • ·Tim Elliot – Kaý Asakura

Ýaryşyň ýaýlymy Aşgabat wagty bilen 03:00-da “Матч!” we “Матч! Боец” teleýaýlymlarynda başlar.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......