Ýedi ýurduň Liderleri Trampy Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlemek teklibini goldady

  • 16.08.2025 18:03
  • 18k+

Ak tam ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlenmegini goldan daşary ýurt Liderleriniň sanawyny çap etdi. Bu habar Ak tamyň resmi saýtynda, X sosial ulgamynda ýerleşdirildi.

Maglumatda aýdylmagyna görä, Trampyň dalaşgärligini Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Kambojanyň Premýer-ministri Hun Sen, Gabonyň Prezidenti Braýs Oliwiýa Ngema, Ysraýylyň Premýer-ministri Benýamin Netanýahu, Pakistanyň hökümeti hem-de Ruandanyň daşary işler ministri Oliwiýe Nduhungirehe goldady.
Iýun aýynda Trampyň Nobel baýragyna hödürlenmegi baradaky teklibi respublikaçy kongresmen Baddi Karter öňe sürdi. Mundan öň bolsa, Pakistanyň hökümeti Hindistan bilen dawanyň diplomatik ýollar arkaly çözülmegine goşan goşandy üçin onuň dalaşgärligini maslahat beripdi.


19.06.2026 19:47
1.3k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......