AFK-2 Çempionlar ligasynda "Arkadag" bilen "Ahal" FK-laryň garşydaşlary barada bilmeli zatlar

  • 16.08.2025 01:08
  • 13k+

«Arkadag» we «Ahal» futbol klublary AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekişliginiň netijesinde garşydaşlaryny bildiler. Bu ýaryş Aziýanyň Çempionlar ligasyndan soň abraýy boýunça ikinji möhüm klub ýaryşydyr. Bäsleşik 16-njy sentýabrda başlanyp, indiki ýylyň 16-njy maýyna çenli dowam eder.

Futbol muşdaklarynyň umydyna garamazdan, ýaryşyň esasy ýyldyzy — Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Türkmenistana gelmez (iň bolmanda toparlaýyn tapgyrda). Onuň kluby D topara düşdi. Emma bu, türkmen muşdaklarynyň dünýä futbolynyň ýyldyzlaryny öz meýdançasynda görmäge mümkinçiliginiň bolmajakdygyny aňlatmaýar.
Sentýabrdan dekabra çenli geçiriljek toparlaýyn oýunlarda haýsy futbol ýyldyzlarynyň geljekdigini aýdýarys.

«Arkadag» FK-nyň garşydaşlary
Türkmenistanyň häzirki çempiony we AFK-nyň Çagyryş Ligasynyň ýeňijisi bolan «Arkadag» FK B topara düşdi. Bu toparda ol Kataryň «Al-Ahli», Özbegistanyň «Andijan» hem-de Bahreýniň «Al-Haldiýa» toparlaryna garşy oýnar.
Bu toparda ýeňşe esasy dalaşgär Doha şäherinden «Al-Ahli» hasaplanýar. Ol geçen möwsümi Kataryň Ýyldyzlar ligasynda dördünji ýerde tamamlady. Toparyň esasy ýyldyzy — dünýä çempiony bolan nemes hüjümçisi (2014) Ýulian Draksler. Ol karýerasynyň başynda «Pari Sen-Žermen» klubunda çykyş edipdi. Häzir ol 31 ýaşynda.
Özbegistanyň «Andijan» topary ýaryşa ýurduň Kubogyny alan topar hökmünde gatnaşýar. Bu toparyň esasy tanalýan adamy baş tälimçisi — Kiýewiň «Dinamo» klubunyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň öňki futbolçysy Maksim Şatskih. Ol häzirki wagta çenli Ukrainanyň çempionatynyň taryhynda iň köp gol geçiren futbolçydyr (124 gol). Şatskih 1999-2011 ýyllar aralygynda milli ýygyndada çykyş edip, onuň kapitany bolupdy, şonuň üçin ol topary ruhlandyrmagy gowy bilýär.
«Al-Haldiýa» Bahreýniň Premýer ligasynda ikinji ýeri alyp, AFK-2 Ligasynda çykyş etmäge hukuk gazandy.
«Arkadag» FK oýun derejesinde bu toparlaryň hiç birinden pes däl we topardan çykmaga doly mümkinçilige eýe.

«Ahal» FK-nyň garşydaşlary
«Ahal» FK saýlama oýunlarynda Täjigistanyň «Regar-TadAZ» toparyny 2:1 hasabynda ýeňip, ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandy.
Bije çekilişde Türkmenistanyň wise-çempionyna belli bir derejede ýeňilräk garşydaş düşdi — C toparynda oňa Eýranyň «Sepahan», Iordaniýanyň «Al-Husseýn» we Hindistanyň «Mohun Bagan» toparlary garşy bolar.
«Sepahan» FK — Eýranyň wise-çempiony bolup, abraýly Lige çykmaga dalaş etdi, emma saýlama oýnunda Kataryň «Al-Duhail» toparyndan (2:3) ýeňildi. Isfahan şäheriniň bu kluby esasan ýerli futbolçylardan ybarat, daşary ýurtlular juda az. Az sanly kadadan çykmalaryň biri — «Portu» toparynyň terbiýesini alan, köplenç Ýewropanyň orta derejesindäki klublarynda oýnan Rikardu Alweşdir.

«Al-Husseýn» hem-de «Mohun Bagan Super Giant» (adynyň güýçlüligine garamazdan), milli çempionatlarynyň derejesi boýunça iň güýçli toparlardan hasaplanmaýar. Ýöne olaryň baý taryhy bar: «Al-Husseýn» 1950-nji ýylda döredilen bolsa, Kölkuttanyň «super-giantlaryna» eýýäm 136 ýyl bolupdyr — klub 1889-njy ýylda Günbatar Bengal welaýatynda döredilip, Aziýanyň iň köne futbol guramalarynyň biri hökmünde tanalýar.


şu gün 13:40
658

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

düýn 22:49
5.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
9.6k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......