Tehasdaky Perl atly towuk dünýäniň iň garry towugy diýlip yglan edildi. Ol 14 ýaşynda

  • 18.08.2025 10:15
  • 14k+

Tehasdaky Perl atly towuk resmi taýdan dünýäniň ýaşap ýören iň garry towugy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Rekord hasaba alnan pursadynda, eýesi Sonýa Hallyň sözlerine görä, towuk 14 ýaş 69 günlük eken.

Perl 2011-nji ýylyň 13-nji martynda inkubatordan çykaryldy. Eýesiniň sözlerine görä, Easter Egger towuklarynyň ortaça ömri bary-ýogy 5-8 ýyl, şonuň üçin uzak ýaşly rekordçy özünkilerden ep-esli ozdurypdyr.
Towuk ýaşan ömründe görgi baryny görüpdir, ýagny aýagy döwlüpdir, üstüne ýenot topulypdyr, artrit we garamyk bilen keselläpdir. Ilkibaşda ol beýleki towuklar bilen birlikde daşarda we towuk ýatakda ýaşapdyr, ýaşy ulalansoň Hall oňa kir ýuwulýan otagdan ýer beripdir, şol ýerde-de günlerini asuda geçiripdir. Kämahal Perl telewizora tomaşa etmek üçin myhman otagyna hem girýän eken.
Towuga her gün täzeje ysmanak, salat, miweler, hoz we owuntykly, kitirdewik  çörekli ýörite iým berilýär. Eýesi Perliň pol ýuwulýan taýaga ýapyşmagy we şypbygyň içinde ýatmagy halaýandygyny belleýär. Guş maşgalanyň beýleki öý haýwanlary - garry pişikdir pişikçaga bilen hem oňşup ýaşaýar.
Perl ýaşyna garamazdan, ýygy-ýygydan ýumurtga guzlamagyny dowam etdirýär; şolardan birini rekordçy adyny alandan soň guzlady.
Öňki rekord 2023-nji ýylyň 25-nji dekabrynda 21 ýaş 238 gün ýaşandan soň ölen, Illinoýs ştatyndan bolan towuk Pinata degişlidi.


düýn 22:32
1.2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....