Ermenistanyň Prezidenti we Türkmenistanyň ilçisi Garagoýunly türkmenleriniň taryhy ýadygärligine baryp gördüler

  • 23.08.2025 14:43
  • 17k+

21-nji awgustda Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan Türkmenistanyň ilçisi M.Aýazow bilen Ararat welaýatynyň Argawand obasynyň çäginde ýerleşýän XV asyryň binagärlik ýadygärligi bolan Garagoýunly türkmenleriň emirleriniň aramgähine baryp gördüler.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, çärä Ermenistanyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministri Ž.Andreasýan, Ermenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň işgärleri, Türkmenistanyň ilçihanasynyň işgärleri gatnaşdyrlar.
Ermenistanyň Prezidenti W.Haçaturýan mawzoleýiň taryhy gymmatlyklary, şeýle hem alnyp barylan bejeriş işleriniň tapgyrlary hem-de aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy.
Ilçi M.Aýazow hem öz gezeginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.


08.06.2026 18:54
4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

08.06.2026 15:17
3.7k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......