Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

  • şu gün 15:17
  • 752

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar bermegine görä, bu maglumatlary Ýurt boýunça jemi 2005 sany saýlaw uçastogyndan gelen býulletenleri doly hasaplandan soň Merkezi saýlaw komissiýasy mälim etdi.

​Russiýaly milliarder Samwel Karapetýanyň «Güýçli Ermenistan» bileleşigi sesleriň 23,29 göterimini almagy başardy. Üçünji orunda bolsa 9,94 göterim ses bilen ýurduň öňki prezidenti Robert Koçarýanyň ýolbaşçylygyndaky «Ermenistan» blogy barýar.

​«Gülläp ösýän Ermenistan» partiýasy bolsa sesleriň 4 göterimini eýeledi.

​Şunlukda, deslapky maglumatlara görä, Täze parlamentde «Raýat şertnamasy» partiýasy 61 mandata, «Güýçli Ermenistan» alýansy 28 mandata, «Ermenistan» blogy 11 mandata, «Gülläp ösýän Ermenistan» partiýasy bolsa 4 mandata eýe bolar.

​Ermenistanda parlament saýlawlary 7-nji iýunda geçirildi. Bu syýasy bäsleşikde jemi 18 sany syýasy güýç — 16 partiýa we iki sany alýans bäsleşdi. Saýlaw kanunçylygyna görä, partiýalar üçin parlamentden orun almak çägi 4 göterim edip bellenildi. Bloklar üçin (üç partiýa çenli birleşmeler) bu görkeziji 8 göterime, dört we ondan köp partiýanyň birleşmeleri üçin bolsa 10 göterime deňdir.

​Saýlawlardan soňky gije çykyş eden Paşinýan Ermenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ýakynlaşmak ugruny dowam etdirjekdigini, emma şol bir wagtyň özünde Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň düzüminde galjakdygyny mälim etdi. Şeýle-de ol: «Biz Russiýa Federasiýasy we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň beýleki agza ýurtlary bilen gatnaşyklarymyzy has-da ösdüreris» diýip, aýdanlarynyň üstüni ýetirdi.


07.04.2026 21:02
2.4k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

01.04.2026 19:38
6.9k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

16.03.2026 14:21
2.8k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...

12.03.2026 11:32
2.6k+

Hose Antonio Kast Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi

Hose Antonio Kast resmi taýdan Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi. Walparaiso şäherindäki Kongres binasynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Meganoticias teleýaýlymy arkaly göni efirde görkezildi. Täze prezident...