Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

  • düýn 21:02
  • 962

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli ýygnagynyň birinji sessiýasynyň dowamynda saýlandy. Bu barada Wýetnamyň VNA habarlar agentligi habar berýär.

Le Min Hyngyň dalaşgärligini Milli ýygnagyň 495 deputatynyň ählisi biragyzdan goldady. Ol ýurduň hökümetine geljek bäş ýylyň dowamynda — 2031-nji ýyla çenli ýolbaşçylyk eder.

«Watana, halka we Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Konstitusiýasyna doly wepaly bolmaga, Partiýa, Döwlet we halk tarapyndan ynanylan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etmäge kasam edýärin» – diýip, ol kasam kabul ediş dabarasynda aýtdy.

Täze premýer 1970-nji ýylda ýurduň merkezi böleginde ýerleşýän Hatin welaýatynyň Tymi diýen ýerinde dünýä indi. Hyngyň ýokary syýasy bilimi bolup, ol döwlet syýasaty boýunça magistr we fransuz dili boýunça bakalawrdyr.

Ol 2024-nji ýylyň maý aýyndan bäri Kompartiýanyň MK-synyň guramaçylyk bölüminiň müdiri wezipesinde işledi, ondan ozal KP MK-nyň kanselýariýasyna ýolbaşçylyk etdi we Wýetnamyň Döwlet bankynyň başlygy wezipesini eýeledi. Ol Merkezi banka 46 ýaşynda ýolbaşçylyk edip, bu edaranyň iň ýaş ýolbaşçysy bolupdy.


01.04.2026 19:38
6.7k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

16.03.2026 14:21
2.7k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...

12.03.2026 11:32
2.6k+

Hose Antonio Kast Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi

Hose Antonio Kast resmi taýdan Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi. Walparaiso şäherindäki Kongres binasynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Meganoticias teleýaýlymy arkaly göni efirde görkezildi. Täze prezident...

05.03.2026 05:58
6k+

Türkmenistanda saýlawçylar bilen dalaşgärleriň duşuşyklaryna badalga berildi

2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri işjeň dowam edýär. Häzirki wagtda ýurduň ähli künjeklerinde dalaşgärleriň we olaryň ynanylan wekilleriniň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär...