Wýetnam 16 milliard dollarlyk täze mega howa menzilini gurýar

  • 11.05.2026 15:51
  • 6.2k+

Wýetnam dünýäde iň uly infrastruktura taslamalarynyň birini - 16 milliard dollarlyk Longthan mega howa menziliniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge başlady.

5000 gektar meýdany eýeleýän bu desga Günorta-Gündogar Aziýanyň esasy halkara merkezine öwrülmek we Hoşimin şäherindäki Tanşonnýat howa menziline düşýän agramy azaltmak üçin niýetlenendir. Gurluşyk işleriniň ähli tapgyrlary tamamlanandan soň, Longthan ýylda 100 milliona çenli ýolagçyny we 5 million tonna ýüki kabul edip biler. Bu kuwwaty ony dünýäniň iň uly howa merkezleri bilen deňleşdirer.

Bu taslama sebitde howa gatnawlarynyň çalt ösüşi bilen baglanyşyklydyr, “Boeing” kompaniýasy onuň geljekki 20 ýylyň dowamynda üç esse artjakdygyny çaklaýar.

Longthan howa menzilinde lotas gülüniň şekilinde dört terminal we 4000 metr uzynlykdaky dört uçuş-gonuş zolagy bolar. Gurluşyk üç tapgyra bölünýär: birinji tapgyr, şol sanda bir terminal we uçuş-gonuş zolagy ýylda 25 million ýolagçyny kabul eder. Täze ýol ulgamy we iki demir ýol liniýasy howa menzilini Hoşimin şäheri bilen baglanyşdyrar.

Taslamanyň gerimine garamazdan, ol ekologiýa we ykdysady kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Gyzyl bazalt toprakda gidýän gurluşyk işleri ep-esli derejede tozan hapalanmasyny döredýär we ýedi kilometr radiusdaky ýaşaýyş jaýlaryna täsir edýär, bu bolsa ýaşaýjylaryň saglygyna we oba hojalyk önümçiligine ýaramaz täsir edýär. Mundan başga-da, çylşyrymly, egrelip gidýän binagärlik ony durmuşa geçirmegiň çykdajylaryny ep-esli ýokarlandyrýar.

Şeýle-de bolsa, Wýetnamda syýahatçylaryň sanynyň yzygiderli artýandygyny göz öňünde tutup, hökümet Singapurdaky, Taýlanddaky we Filippinlerdäki howa menzilleriniň ýiti bäsdeşligi bilen ýüzbe-ýüz bolýan bu ägirt uly merkeziň uzagyndan özüni ödejekdigine bil baglaýarlar.


düýn 17:31
1.3k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:42
2.6k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

düýn 15:39
2k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......