Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

  • 01.04.2026 19:38
  • 6.9k+

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly netijeleri yglan edildi.

Mejlise merkezi saýlaw toparynyň agzalary, degişli iş toparlarynyň wekilleri, milli synçylar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynyň, şeýle hem möhletinden öň çykyp giden Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň netijelerine seredildi.

Saýlaw möwsüminiň ähli tapgyrlarynyň bellenen möhletlerde, milli kanunçylygyň we halkara kadalaryň talaplaryna laýyklykda geçirilendigi habar berildi. Saýlaw möwsüminiň dowamynda hem-de saýlawlaryň geçirilen gününde saýlawçylaryň ýokary işjeňlik görkezendigi bellenildi.

Saýlaw toparlarynyň teswirnamalarynyň esasynda, täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 285 dalaşgärden 140 adamyň saýlanandygy yglan edildi. Mejlise 14 dalaşgärden 5 deputat saýlandy. Welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlaryna 9 dalaşgärden 3 adam, etrap we şäher halk maslahatlaryna bolsa 25 dalaşgärden 12 adam saýlandy. Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda 426 dalaşgärden 203-üsi saýlandy.

Mejlise gatnaşyjylar milli synçylaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini belläp geçdi hem-de saýlawlaryň hereket edýän kanunçylyga we halkara kadalara laýyklykda geçirilendigini nygtady.


20.06.2026 11:41
3.6k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......