Alp Arslan Begenjow dünýä çempiony titulyny gorap bilmedi

  • 19.08.2025 15:53
  • 30k+

Erkin göreş boýunça türkmen pälwany Alp Arslan Begenjow (79 kg çenli agram kategoriýasy) 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda göreş boýunça ýaşlar dünýä çempionatynyň dörtden bir finalyndan geçip bilmedi. Ýaryş 17 – 24-nji awgust aralygynda Bolgariýanyň Samokow şäherinde 650 türgeniň gatnaşmagynda geçirilýär.

Dörtden bir final göreşinde 19 ýaşly Begenjow Eýranyň wekili, Aziýanyň häzirki çempiony Mahdi Ýusefi bilen duşuşdy. Tutluşyga deň başlanandan we 1:1 hasapdan soň, Begenjow lukmançylyk arakesmesini aldy. Göreş dikeldilenden soň, ol garşydaşyndan güýç taýdan asgyn gelip başlady. Ýusefi artykmaçlygyny 6:1-e çenli artdyrdy, Begenjow bolsa tehniki usul bilen tapawudy 6:4-e çenli azaltdy. Ýöne türkmen pälwanyna üstünlik gazanmak başartmady we tutluşyk eýranly türgeniň ýeňmegi bilen tamamlandy.
Belläp geçsek, Begenjow bir ýyl ozal bu türgen bilen duşuşypdy. Şol tutluşykda türkmen pälwany ýeňiji boldy. Ýöne şondan bäri Ýusefi ulularyň arasynda Aziýa çempiony we 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda dünýä çempiony titullaryny alyp, uly üstünlik gazandy.
Çärýek finala çykmak üçin Begenjow iki garşydaşyny ýeňdi. Saýlama tapgyrynda bolgariýaly pälwan Iwan Andonowdan 11:0 hasabynda üstün çykdy. 1/8 finalda mongoliýaly pälwan Gan Erdene Baatarhuuny hem 11 bal artykmaçlygy bilen ýeňdi.
Mundan öň Begenjow ýaryşyň ýeňiji bolup biljek türgenleriniň biri hasaplanýardy. Ol 2024-nji ýylda Türkmenistanyň taryhynda 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda ilkinji dünýä çempiony boldy. Ispaniýanyň Pontewedra şäherinde geçirilen çempionatda ol 46:0 umumy hasaby bilen bäş ýeňiş gazandy.
Türkmenistanyň beýleki wekilleriniň hem dünýä çempionatyndaky çykyşy şowly tamamlanmady. Watan Annaorazow (74 kg) russiýaly Ismail Haniýewden 0:10 hasabynda, Orazmuhammet Hojalyýew (92 kg) azerbaýjanly Anar Jafarliden 2:3 hasabynda ýeňildi.


03.06.2026 17:49
3.8k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......