Täze çempion! Hamzat Çimaýew Dýu Plessiden üstün çykyp, orta agramda çempion guşagyny aldy

  • 17.08.2025 13:33
  • 21k+

16-njy awgustdan 17-nji awgusta geçilen gije (Aşgabat wagty bilen irden) Çikagodaky United Center arenasynda UFC 319 ýaryşy geçirildi. Onuň esasy wakasy günorta afrikaly Drikus dýu Plessi bilen BAE-niň wekili Hamzat Çimaýewiň arasynda orta agramda titul söweşi boldy.

Söweş tutuş bäş raund dowam edip, Çimaýewiň emin agzalarynyň biragyzdan karara gelmeginde ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Hamzat söweşiň dowamynda garşydaşyna 510 urgy urdy, Dýu Plessi – 56. Çimaýew jemi 21 minut 25 sekunt garşydaşyny parterde saklady.

Bu üstünligi netijesinde Hamzat orta agramda guramanyň täze çempiony boldy.

Söweşden soň indi Çimaýewiň hasabynda MMA-da 15 ýeňiş bar. Ol ýekeje gezek hem ýeňilmedi. Dýu Plessi üçin bu karýerasynda üçünji we UFC-de birinji ýeňlişi boldy. Onuň hasabynda 22 ýeňiş bar.

Agşamyň ýene bir esasy söweşinde britaniýaly ýarym ýeňil agramly söweşiji Leron Mýorfi amerikaly Aaron Piko bilen duşuşdy. Söweş birinji raundda tirsek urgusyndan soň göni nokaut arkaly Mýorfiniň möhletinden ir ýeňmegi bilen tamamlandy. Piko söweşe işjeň başlap, hatda Mýorfini setka gysdy. Ýöne ahyrynda urgyny sypdyryp, nokauta düşdi.

Piko üçin bu söweş UFC-de birinji boldy. Ol karýerasynda bäşinji ýeňlişine sezewar boldy, şeýle-de onuň 13 ýeňşi bar. Mýorfiniň hasabynda 17 ýeňiş bolup, karýerasynda ýekeje söweşde-de ýeňilmedi.


düýn 11:39
10k+

Striklend ýeňilmezek Çimaýewi ilkinji ýeňlişine sezewar edip, UFC guşagyny yzyna aldy

Şon Striklend Nýuark şäherinde geçirilen UFC 328 ýaryşynyň esasy söweşinde Hamzat Çimaýewi ýeňip, orta agramda UFC-niň çempiony diýen ady aldy. Bäş raund dowam eden tutluşyk eminleriň dürli çözgüdi bilen......

09.05.2026 00:16
7.6k+

Hamzat Çimaýew – Şon Striklend urşy: haçan we nirede görmeli

2026-njy ýylyň 9-njy maýyndan 10-njy maýyna geçilýän gije (Aşgabat wagty bilen 10-njy maý) ABŞ-nyň Nýuark şäherindäki «Prudenşl Sentr» arenasynda UFC 328 ýaryşy bolar. Onuň esasy wakasynda orta agram......

04.05.2026 11:23
3.3k+

UFC ilkinji gezek Serbiýada ýaryş gurnar

Absolýut söweş çempionaty (UFC) öz taryhynda ilkinji gezek Serbiýada turnir geçirer. Guramanyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, ýaryşlar 2026-njy ýylyň 1-nji awgustynda Belgrad şäherinde bolar....

02.05.2026 16:41
7.7k+

UFC-niň ýyldyzlary Arman Sarukýan bilen Toni Fergýuson RAF 10 ýaryşynda duşuşarlar

2026-njy ýylyň 13-nji iýunynda ABŞ-nyň Sent-Luis şäherinde geçiriljek RAF 10 ýaryşynyň çäginde UFC-niň guşagyna esasy dalaşgärleriň biri Arman Sarukýan bilen meşhur “weteran” söweşiji Toni Fergýusonyň arasynda......