«Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşygynda gol çekilen resminamalar

  • 23.08.2025 08:40
  • 6.5k+

22-nji awgustda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşygy tamamlanandan soňra, resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Dabaranyň çäklerinde:

  • “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň arasynda halkara howa gatnawyny mundan beýläk-de ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Arkadag şäheri (Türkmenistan) bilen Fizuli şäheriniň (Azerbaýjan Respublikasy) arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Teswirnama;
  • Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda gämi gurluşygy babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda raýat awiasiýa pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Teswirnama;
  • Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy bilen «Özbek respublikan haryt-çig mal biržasy» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga;
  • Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda ulag-logistika hyzmatdaşlygy babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.



Ýokary derejeli duşuşygyň jemleri boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew hem-de Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasyny kabul etdiler. Resminamada üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmäge, sebit we ählumumy derejede ynanyşmagy, özara düşünişmegi berkitmäge hyzmat etjekdigi baradaky pikir beýan edilýär.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, duşuşygyň jemleri boýunça metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş edildi.


şu gün 07:51
1.3k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.7k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
989

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......