Polşada balykçy derýadan ýaşy 700 ýyla barabar bolan gylyjy çykardy

  • 14.08.2025 16:23
  • 13k+

Polşada balykçy Wisla derýasyndan ýaşy, takmynan, 700 ýyl bolan gylyjy çykardy. Onuň uzynlygy 79 santimetre barabar diýip, People ýazýar.

Erkek adam kanunyň talap edişi ýaly artefakty Ýadygärlikleri goramak boýunça paýtagt gullugyna gowşurdy. Şondan soň gylyç Döwlet arheologiýa muzeýiniň hünärmenlerine berildi, olar tapyndyny “haýran galdyryjy” diýip atlandyrdy. Häzir orta asyr ýaragy konserwasiýadan geçýär. Soňra ol arassalanyp, gorag gatlagy bilen örtüler we öwrenmek üçin arheologlara berler.
Deslapky hasaplamalar boýunça, gylyç Warşawanyň taryhynyň başlan döwrüne – XIII ýa-da XIV asyra degişlidir. Has takyk sene ýaragy taýýarlan demirçiniň goýan haç görnüşli nyşany boýunça kesgitlener. Bu aňsat bolmaz, çünki gylyç derýada başga artefaktlar we bu ýer barada maglumatlar bolmazdan tapyldy. 


13.06.2026 12:29
5.3k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

09.06.2026 23:10
2.7k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......