Döwletjan Ýagşymyradow PFL-iň tituly ugrunda Kori Anderson bilen Dubaýda rewanş geçirer

  • 14.08.2025 14:01
  • 24k+

Garyşyk söweş stiliniň türkmenistanly wekili Döwletjan Ýagşymyradow amerikaly Kori Andersona garşy rewanş almak mümkinçiligini gazandy. Ýarym agyr agramda PFL-iň çempionlyk guşagy üçin tutluşyk 2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda  Dubaýda geçiriler, diýip promouşeniň resmi saýtynda habar berilýär.

Anderson bilen Ýagşymyradowyň ilkinji duşuşygy 2021-nji ýylyň aprelinde Bellator 257 ýaryşynda boldy. Şol tutluşyk Andersonyň peýdasyna üçünji raundda tehniki nokaut bilen tamamlandy. Indi olar başga bir guramanyň çäginde duşuşarlar we bu gezek ýeňiji çempionlyk guşagyny alar.
36 ýaşly Döwletjan Ýagşymyradow soňky gezek 2024-nji ýylyň noýabrynda PFL ligasynyň ýaryşynda Impa Kasanganaýa garşy oktagona çykdy. Ol göreşi ilkinji raundda nokaut bilen ýeňdi. Döwletjanyň hasabynda 25 ýeňiş (şolaryň 18-i ýeňiji nokaut bilen), 7 ýeňliş we 1 deňlik bar. Ol häzir 7 ýeňişden ybarat tapgyrda barýar.
Anderson 35 ýaşynda. Ol UFC-niň öňki söweşçisi we PFL-iň çempionlyk guşagynyň häzirki eýesi. Soňky söweşini ol şu ýylyň iýulynda PFL ýaryşynda Günorta Afrikada russiýaly Denis Golsowa garşy geçirdi. Şol söweşde Kori ikinji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi. Onuň hasabynda 19 ýeňiş (şolaryň 9-sy nokaut bilen) we 6 ýeňliş bar, goşmaça bir göreş bolsa geçmedik diýlip hasaplanyldy. Ol häzir 3 ýeňişden ybarat tapgyrda barýar.
Anderson – Ýagşymyradow tutluşygy oktýabrdaky ýaryşyň ikinji esasy duşuşygy bolar. Ýaryşyň esasy tutluşygy russiýaly Usman Nurmagomedow bilen irlandiýaly Pol Hýuzyň arasynda geçiriler.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 17:46
15k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......