Hytaýda 300 metrlik kert gaýada kitap dükany açyldy

  • 16.08.2025 23:34
  • 13k+

Hytaýyň Heçi okrugynda (Guansi-Çžuan awtonom sebiti) 300 metrlik kert gaýada gurlan kitap dükany açyldy. Bu barada News-Asia neşiri ýazýar.

Dükan 2025-nji ýylyň maýynda işläp başlady we birnäçe aýyň içinde 100 müňden gowrak myhmany özüne çekdi. Agaçdan we aýnadan ýasalan bina dag landşafty bilen sazlaşdy – kitap tekjeleriniň bir bölegi göni gaýanyň özünde ýasaldy. Gündizine dükany tebigy yşyk ýagtylandyrýar, agşamyna bolsa yşyklandyryş kert gaýada gaýýan galanyň effektini döredýär.
Dükanda sungat, filosofiýa we taryh boýunça edebiýat hödürlendi. Myhmanlar üçin launž-zolaklar, köpçülikleýin okaýyş, döredijilik duşuşyklary, leksiýalar we kamera çäreleri üçin zolaklar, şeýle-de kerte tarap görnüş açýan kofehana gurnaldy.
Taslama özüniň tebigy peýzažlary we karst çukurlary bilen belli bolan “Mýanhua Týanken” syýahatçylyk zolagyny ösdürmek maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirildi.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......