Çagany näme üçin CuriooKids-e bermeli? Okuw merkeziniň aýratynlyklary

  • 19.08.2025 14:49
  • 170k+

CuriooKids — bu halkara okuw merkezleri bolup, çagalar we ýetginjekler üçin goşmaça okuw maksatnamalaryny hödürleýär. Brendiň esasy wezipesi – okuwçylary geljek üçin taýýarlamak, olara döredijilikden, tankydy pikirlenmekden, aragatnaşykdan we hyzmatdaşlykdan ybarat möhüm başarnyklaryny ösdürmeklerine goldaw bermekden ybarat. 

CuriooKids okuw merkeziniň aýratynlyklary we artykmaçlyklary.

  • “Soft Skills” – “EQ” Ýumşak başarnyklara” üns: Adaty mekdepler esasanda akademik takyk bilimlere (hard skills) gönükdirilen bolsa, Curioo döredijilik, tankydy pikirlenmek, aragatnaşyk we hyzmatdaşlyk ýaly (“Soft Skills”) başarnyklaryň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär.
  • Birleşdirilen okuw maksatnamasy: Curioo öz okuw maksatnamalarynda iňlis dilinde tehnologiýany, döredijilikli dizaýny we telekeçilik ugurlaryny bilelikde utgaşdyryp öwredýär. Sebäbi tehnologik ösüşleriň, täze innowasiýalaryň döremegine hut şu ugurlaryň uly täsirleriniň bardygyna ynanýar.
  • Global çemeleşme: Curioo okuw maksatnamalary dünýäniň ähli merkezlerinde birmeňzeş we ýokary hilde alnyp barylýar.

CBAS (Curioo Behaviour and Aptitude System) bahalandyrma ulgamy: Esasy aýratynlyk –okuw döwründe adaty baha ulgamyndan (A, B, C ýa-da 5, 4, 3) tapawutly usulyýet ulanýar. Bu okuwçylaryň gündelik ukyp-başarnyklara esaslanýan CBAS atly giňişleýin bahalandyrma ulgamydyr.


CBAS (Başarnyklara esaslanan bahalandyrma ulgamy)
CBAS – bu Curioo okuw merkezleriniň iň möhüm täzeligidir. Ol ene-atalara we okuwçylara çaganyň ösüşi barada doly we jikme-jik maglumat bermegi maksat edinýär. Bu ulgam diňe bir okuwçynyň sapaklary özleşdirişi däl, eýsem çaganyň geljek üçin möhüm ukyp-başarnyklaryny nähili ele alýandygyny hem görkezýär. Bu ulgamda:

  • Döredijilik (Creativity) – täze ideýalary döretmek, adaty bolmadyk çözgütleri tapmak, fantaziýa baýlygyny görkezmek.
  • Tankydy pikirlenmek (Critical Thinking) – maglumatlary seljermek, sebäpli- netijeli arabaglanyşyklary tapmak, subutnamalary seljermek we esasly karara gelmek.
  • Aragatnaşyk (Communication) – şahyslara, ýa-da köpçülige öz pikirlerini aýdyň we düşnükli beýan etmek, olary diňlemek we täsirli gürrüňdeşlik (dialog) gurnamak ukybyny kämilleşdirmek.
  • Hyzmatdaşlyk (Collaboration) – topar bilen netijeli işleşmek, toparda dürli wezipeleri (rollary) ýerine ýetirmek, jogapkärçilik almak,  özara düşünişmek ýollaryny kämilleşdirmek we umumy maksada ýetmek.
  • Özüne ynam (Confidence) – öz ukybyna, zehinine we güýjüne ynanmak. Durmuşdaky islendik kynçylyklary parasatly aşmak, döreýän päsgelçiliklerden gorkmazlyk we täze döreýän mümkinçilikleri seljermek, öz pikirini gorap we gerek bolsa kämilleşdirip bilmek.

Bu ulgamyň ene-atalar we okuwçylar üçin gymmatlygy:
CBAS ulgamy çaganyň hakyky mümkinçiliklerini ýüze çykarýar we açyp görkezýär. Okuwçynyň gowşak, kämilleşdirilmäge mätäç taraplaryny ýüze çykarmaga kömek edýär. Bu bolsa okuwçynyň sapaklarda diňe bir baha almak däl-de, eýsem özündäki bar bolan başarnyklardan motiwasiýa almagyna ýol açýar. Şeýle-de çaganyň geljekde özüniň gowy görýän, başarýan hünärlerine ymtylmalaryna uly goldaw bolup hyzmat edýär.

“CuriooKids” okuw merkeziniň güýzki möwsümine hasaba alyşlar dowam edýär!
Has giňişleýin maglumat almak üçin telefon belgileri arkaly habarlaşyp, şeýle hem Instagram sahypasyndaky täzelikleri yzarlap bilersiňiz.
Salgysy: Aşgabat ş., N.Gullaýew (Nagina) köçesi, jaý 33
Habarlaşmak üçin:
+993 71 803535;
+993 71 80-65-65;
26-69-65.

Instagram: @curioo.turkmenistan 
TikTok:
@curioo.turkmenistan


27.01.2026 21:02
11k+

Iş berijileriň hem iş gözleýänleriň dykgatyna: Aşgabatda boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler

2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda Aşgabat şäherinde boş iş orunlarynyň ýarmarkasy guralar. Çäre Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi tarapyndan guralýar. «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habar bermegine görä, sergi sagat 09:00-dan 12:00-a çenli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda geçiriler...

19.01.2026 16:16
11k+

Biznes çykdajylaryny nädip azaltmaly we satyn alşy nädip çaltlandyrmaly: ALSAT.com.tm-de 5 peýdaly mümkinçilik (23 000+ haryt)

Üpjün edijileri gözlemek üçin näçe wagtyňyz gidýär?
  Soňky pursatda gyssagly satyn alyşlar, nädogry haryt, üstesine-de logistika… näçe pul gidýär? Gysgaça aýtsak: gaty köp.
 Dogrusy: şeýle işlemek indi hiç kime ýaramaýar...

18.01.2026 15:07
3.2k+

“Ýönekeý” Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okamak isleýänler üçin amatly şertleri hödürleýär

“Ýönekeý” kompaniýasy Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okamak isleýänler üçin amatly tekliplerini hödürleýär. Ýurdumyzda isleg bildirilýän ugurlar boýunça dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetlerine okuwa girmek isleýänleri hasaba almak işleri dowam edýär...

12.01.2026 17:01
4.6k+

IT NOKADY merkezinde IT-okuwlarynyň täze tapgyr açyldy: okuwlar 28-nji ýanwarda başlaýar

«IT NOKADY» okuw merkezi ýurdumyzda iň köp isleg bildirilýän IT-ugurlary boýunça täze okuw tapgyryny yglan edýär. Okuwlara 28-nji ýanwarda başlamak meýilleşdirilýär. Frontend programmirleme okuwlary Frontend programmirleme kursy döwrebap, ulanmaga amatly we wizual taýdan özüne çekiji web-interfeýsleri döretmegi öwretmäge gönükdirilendir...