Aşgabatda "Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar" halkara forumy işläp başlady

  • 18.03.2025 12:50
  • 5.7k+

Şu gün, 18-nji martda «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň hususy pudagyna maýa goýumlary çekmäge gönükdirilen «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT-2025) atly halkara forum öz işine başlady.

Forum Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 17 ýyllygyna bagyşlanan serginiň we maslahatyň çäginde geçirilýär. Oňa gatnaşyjylaryň arasynda öňdebaryjy maýadarlar, işewürler, maliýe guramalarynyň we döwlet edaralarynyň wekilleri bar. Foruma Russiýadan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan, Pakistandan, Fransiýadan, Türkiýeden, Germaniýadan, Gazagystandan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, Estoniýadan, ABŞ-dan, Azerbaýjandan, Ukrainadan, Owganystandan, Niderlandlardan, Belarusdan, Saud Arabystanyndan we beýleki ýurtlardan wekiller geldiler.
Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew forumyň açylyşynda çykyş edip, ýurduň ykdysady ösüşiniň durnuklylygyny belledi. Onuň sözlerine görä, 2024-nji ýylda ýurduň jemi içerki önüminiň ösüşi 6,3% ýokarlandy, 2025-nji ýyl üçin bolsa 40 milliard 72 million manat möçberinde maýa goýum göz öňünde tutulýar. Ol halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtap, gatnaşyjylary maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Forumyň maksatnamasyna senagat, ulag, oba hojalygy we IT ugurlary boýunça panel maslahatlaşmalaryny, işewür duşuşyklary we geljegi uly taslamalaryň tanyşdyrylyşy girizildi.


03.06.2026 15:06
4.4k+

Türkmen telekeçileri Buharestdäki awtosalona çagyrylýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň telekeçilerini Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde 6-njy oktýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Bucharest Auto Show & Accessories 2026» 23-nji......

02.06.2026 12:08
2.1k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

24.03.2026 16:33
7.5k+

Türkmenistan Belgraddaky EKSPO — 2027 üçin pawilýon gurmak boýunça gaýtadan bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi Belgrad şäherinde geçiriljek EKSPO — 2027 Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisi üçin milli pawilýonyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça gaýtadan halkara bäsleşigini yglan etdi...

17.03.2026 18:15
2.7k+

Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar

Şu gün, 17-nji martda Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda giň gerimli sergi öz işine başlady. Bu sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanýar. Serginiň...