Serdar Berdimuhamedow Astanada german kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

  • 17.09.2024 13:18
  • 4.2k+

Şu gün Astana iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Germaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystana barypdy. 
Germaniýanyň Ykdysadyýet we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Federal ministrliginiň parlament stats-sekretary Mihael Kellner Serdar Berdimuhamedowy mähirli mübärekläp, GFR-iň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen birnäçe geljegi uly ugurlarda däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, şeýle ýokary derejedäki gyzyklanma köpýyllyk bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesi, şeýle hem ýurdumyzda daşary ýurtly işewürler üçin döredilýän amatly şertler bilen şertlendirilendir. 
Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň birnäçe kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny we resmi wekiliýetiniň agzalaryny mähirli mübärekläp, häzirki wagtda Türkmenistana bolan gyzyklanmanyň barha artýandygyny we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeýändigini kanagatlanma bilen belledi. Munuň şeýledigini şu günki duşuşyga köp sanly kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşýandygy hem tassyklaýar. 
Hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde birnäçe ileri tutulýan ugurlar görkezildi. Bular, ilkinji nobatda, gaýtadan dikeldilýän energiýa, ulag we aragatnaşyk, himiýa senagaty, dokma senagaty, oba hojalygy, «ýaşyl ykdysadyýete» geçiş, innowasiýa we tehnologiýa ugurlarydyr. 


düýn 11:41
2.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......