Aşgabatda telekeçileriň sergisi we maýa goýumlar boýunça halkara forum öz işine başlaýar

  • 17.03.2025 07:46
  • 2.8k+

Şu gün, 17-nji martda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergi hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum öz işine başlaýar. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow sergä we foruma gatnaşyjylara gutlag iberdi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, işewürlik gurşawyny döwrebaplaşdyrmak, kiçi, orta we iri telekeçiligiň gerimini giňeltmek boýunça amala aşyrylýan işleriň netijesinde ykdysadyýetde hususy bölegiň paýy yzygiderli ýokarlanýar. «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläk-de döwlet tarapyndan goldamak, işewürlik ulgamyny kämilleşdirmegiň hasabyna ykdysadyýetde hususy taraplaryň paýyny artdyrmak we jemi içerki önümiň möçberindäki döwlete dahylsyz bölegiň paýyny 71,6 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär.

“Biz döwletimiziň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, döwrebap özgertmeleri ilerletmekde hususy eýeçiligiň ornuny düýpli ýokarlandyrmakdan ugur alyp, telekeçilere berilýän döwlet goldawlaryny mundan beýläk-de dowam etdireris” diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.
“Düýpli taslamalaryň başyny başlamak, badalga berlen işleri dowam etdirmek üçin telekeçilerimiziň yhlaslaryny gaýgyrman, mundan beýläk hem tutanýerli zähmet çekjekdiklerine berk ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutany nygtaýar.

Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň täze önümleriniň mahabat-tanyşdyryş çäreleri guralar. Bu giň gerimli sergide 2025-nji ýylda öndürilen täze önümlere we ýola goýlan hyzmatlara hem uly orun berler.
TSTB-niň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergi bilen ugurdaşlykda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum hem geçiriler.
Sergi üç günläp dowam eder. Onuň jemleýji gününde — 19-njy martda sergä gatnaşyjylara diplomlary gowşurmak dabarasynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.


31.01.2026 02:46
2.3k+

Aşgabatda geçiriljek sergä Türkiýäniň 100-e golaý kompaniýasy gatnaşar

Şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkiýäniň dürli ugurlarda ýöriteleşen 100-e golaý kompaniýasy hasaba alyndy...

30.01.2026 12:22
2.1k+

Aşgabatda mart aýynda IFT 2026 halkara maýa goýum forumy geçiriler

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy (IFT 2026) 18-nji martda Aşgabatda geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda bolar. Forumyň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi TMT Consulting Group konsalting kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär...

28.01.2026 13:31
1.8k+

Türkiýäniň söwda ministri Aşgabatda geçiriljek türk eksport harytlarynyň sergisine gatnaşar

2026-njy ýylyň 10–12-nji fewraly aralygynda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport önümleriniň 12-nji sergisi geçiriler. Serginiň açylyş dabarasyna öz ýurdunyň resmi wekiliýetine ýolbaşçylyk etmek bilen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Omer Bolat gatnaşar...

08.11.2025 09:37
5.5k+

ABŞ-da türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde «Türkmen-amerikan işewürler hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze mümkinçilikleri we geljegi» atly işewürlik maslahaty geçirildi...