Türkmen telekeçileri Hindistanda halkara senetçilik ýarmarkasyna gatnaşarlar

  • 25.09.2024 14:10
  • 4.1k+

Türkmenistanly telekeçiler şu ýylyň 16–20-nji oktýabry aralygynda Hindistanda Nýu-Deliniň etegindäki Uly Noýda şäherinde geçiriljek «India Expo Centre & Mart» halkara senetçilik ýarmarkasyna gatnaşarlar.

Ýarmarka Hindistanda senetçilik eksportyny ösdürmek geňeşi tarapyndan guralýar diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.
Bellenilişi ýaly, türkmen telekeçileriýarmarkanyň barşynda işewür gatnaşyklary ýola goýup, beýleki ýurtlaryň wekilleri bilen tejribe alşyp bilerler, şeýle hem senetçilik hem-de dizaýn pudagyndaky soňky üstünlikler bilen tanşarlar.

Ýarmarka senetçilik we dizaýn dünýäsinde möhüm waka, bölek satyjylar, importçylar, lomaý satyjylar we dizaýn hünärmenleri üçin hemmetaraplaýyn gözleg meýdançasy bolar.
«IHGF Delhi Fair – 2024» sergisinde önüm öndürijilerden we eksportçylardan geljek möwsüm üçin öý, durmuş, moda, öý esbaplary we esbaplar toplumy görkeziler. Şeýle hem myhmanlar 14 ugurda önümler we dizaýnerçilik çözgütler bilen tanşyp bilerler.


düýn 11:41
3k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......