Geljek hepde Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi geçiriler

  • 25.03.2024 14:47
  • 5.7k+

2024-nji ýylyň 3-5-nji aprelinde Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi geçiriler.

Serginiň guramaçysy bolup Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär.
Sergide ýurdumyzda öndürilýän giň görnüşdäki azyk harytlary, ýagny et, şöhlat, guş eti, balyk, süýt, konditer, kakadylan miweleriň dürli görnüşleri, gök-önümler, çörek önümleri, dürli görnüşdäki içgiler, ýeňil senagat, elektronika enjamlary, dokma we maldarçylyk pudaklary, söwda, bilim, çaphana we bezeg işleri, mebel önümleri, gurluşyk materiallary, mahabat, senetçiler we zergärçiler, tikinçilik we ilatyň sarp edýän hyzmatlary hem-de harytlary hödürleniler.
Sergä Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, Döwlet haryt-çig mal biržasy, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi, Söwda-senagat edarasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary gatnaşar.
Salgysy: Aşgabat şäheri, Çandybil şaýoly 143, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy.
Geçýän wagty: 09:00 – 18:00


düýn 22:17
997

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.4k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......