"Men 71 ýaşymda we henizem söweşip bilýän": Jeki Çan Lokarnoda kino goşandy üçin baýrak aldy

  • 12.08.2025 14:26
  • 14k+

71 ýaşly aktýor Jeki Çan kinematografiýa goşan goşandy üçin Pardo alla Carriera baýragyna mynasyp boldy. Baýrak Lokarnoda (Şweýsariýada) her ýyl geçirilýän film festiwalynda gowşuryldy diýip, Deadline habar berýär.

Dabarada Çan eýýäm 64 ýyl bäri kino pudagynda zähmet çekýändigini belläp, tolgundyryjy söz sözledi. Ol öz ýaşlygynda kakasy bilen baglanyşykly bir wakany gürrüň berdi.

"Men 64 ýyl bäri kino pudagynda zähmet çekýärin. Ýadyma düşýär, 17 ýaşlarymdakam aşhanada oturyp, kakamyň günübilen nahar bişirişini synlaýardym. Birden ol yzyna öwrüldi-de: “Oglum, men 60 ýaşymda, ýöne henizem nahar taýýarlap  bilýärin. A sen 60 ýaşyňda söweşip bilermiň?” diýdi. Men aljyrap, näme jogap berjegimi bilmän ýaýdandym. Ýöne şu gün size aýdyp bilerin: Men 71 ýaşymda we henizem söweşip bilýärin” diýip, aktýor aýdýar.

Çykyşdan soň muşdaklary ony gurşap aldylar, oňa dürli sowgatlary gowşurdylar.
Jeki Çan “Dykyn wagty” (“Час пик”), “Hudaýyň esbaplary” (“Доспехи бога”), “Serhoş ussat” (“Пьяный мастер”) we “Polisiýaly waka” (“Полицейская история”) filmlerindäki keşpleri bilen tanalýar. Tutuş karýerasynda 100-den gowrak filmde surata düşdi. Aktýor iň çylşyrymly tilsimleri dublýorsyz, özbaşdak ýerine ýetirýänligi bilen meşhurlyk gazandy.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......