Hytaýda BYD elektromobili yzly-yzyna üç gezek ýyldyrym urmasyna döz geldi

  • 13.08.2025 12:47
  • 17k+

Hytaýyň Guansi awtonom sebitinde Beýhaý şäherindäki awtoserwis meýdançasynda adatdan daşary waka wideo düşdi. BYD Song Plus elektrik ulagynyň depesindäki bagaža birnäçe gezek çyldyrym urdy, netijede güýçli elektrik razrýadlary döredi. Hadysanyň netijesinde sürüji aman galdy diýip, CarNewsChina ýazýar.

Waka bolan soň, dilerlik merkeziniň hünärmenleri ulagyň doly barlagyny geçirdiler. Barlag netijesinde akkumulýator batareýasynda ýa-da elektron dolandyryş blogunda hiç hili zeper tapylmady. Ýyldyrymdan galan ýeke-täk alamat — maşynyň depesinde ownuk jaýryklar boldy.
Bilermenleriň düşündirişine görä, metal korpusly we germetik gurluşly elektromobiliň salonynyň ýyldyrym zarbasyndan goragly bolmagy “Faradeý öýjügi” täsirine baglydyr. Bu täsirde metal korpus elektrik toguny daşky ýüzünden serpikdirýär we salonuň içine, ýolagçylara ýetmegine ýol bermeýär.
Sürüjilere we ýolagçylara ýyldyrym zarbasynyň yzyndan ulagyň içinde galmak we daşyna çykmazlyk maslahat berilýär. Howply ýagdaýdan gaça durmak güýçli şemally ýagyş gutarýança garaşyp, şondan soňra ulagyň ýagdaýyny barlamak üçin hünärmenlere ýüz tutmak maslahat berilýär.
BYD Song Plus sürüjisi hem bu maslahatlara eýerdi, şonuň netijesinde ol aman galdy.


17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......