BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

  • şu gün 07:52
  • 484

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan wagty howpsuzlygy ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Ulgamyň işlemegi üçin awtoulagyň aşagyndaky giňişligiň ilkinji skanirlemesini amala aşyrýar we alnan maglumatlary nusga hökmünde ulanýar. Soňky şekiller ilkinji suratlar bilen deňeşdirilýär.

Emeli aň algoritmleri diňe üýtgeşmeler ýüze çykarylan ýerleri seljerýär. Şondan soň ulgam awtoulagyň aşagynda haýwanyň ýa-da başga bir zadyň (meselem, zibil ýa-da ýeriň deňsizligi) barlygyny kesgitleýär.
Eger elektronika haýwan ýa-da başga bir janly zady ýüze çykarsa, sürüji duýduryş alýar.

Bu oýlap tapyşyň awtoulaglar bilen haýwanlary basmak hadysalarynyň öňüni almak, şeýle hem gibrid we elektrikli awtoulaglar üçin simsiz zarýad beriş ulgamlarynyň ýaýramagy bilen baglanyşykly howpsuzlygy ýokarlandyrmak üçin ulanylmagy göz öňünde tutulýar.


13.06.2026 09:36
3.3k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.6k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......

13.05.2026 23:03
2.1k+

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......