CuriooKids bilim merkezi çagada döredijilikli pikirlenmek, telekeçilik we durmuş endiklerini ösdürýär

  • 12.08.2025 11:38
  • 114k+

Hormatly ene-atalar!
Çaganyňyz diňe bilim almak bilen çäklenmän, eýsem, döredijilikli pikirlenmek ukyplaryny kämilleşdirmegini, adaty bolmadyk çözgütleri tapmagyny we geljegini ynam bilen gurnamagyny başarmagyny isleýäňizmi?
Onda sizi CuriooKids bilim merkezine çagyrýarys. Bu ýerde okuw döwri gyzykly başdan geçirmä öwrülýär. Her gün çaganyň ösüşi üçin täze mümkinçilikler döredilýär.

CuriooKids çaganyň şahsyýetiniň yzygiderli kämilleşmeginiň we onuň bagtly geljeginiň şu günden gurlup başlanýandygyna ynanýar. Merkeziň özboluşly bilim modeli çaganyň akyl-zehin ukyplaryny, döredijilik başarnyklaryny we durmuş endiklerini sazlaşykly ösdürýän üç esasy ugra esaslanýar.

  1. Tehnologiýalar we innowasiýalar (Tech & Innovation)

Bilim merkezi çagalarda programmirlemek ukybyny, oýun döretmek, “emeli aň” düşünjelerini we “maglumatlary seljermek” dünýäsini açýar. Çaga diňe bir kod ýazmagy däl-de, eýsem, täzelikleri özleşdirmek, oýlap tapyjylyk ukyby, döredijilikli pikirlenmegi, islendik meselelerde çözgütleri tapmagy we dünýäniň geljegine täsir edýän tehnologiýalary özleşdirmegi, peýdaly ulanmaklygy öwrenýär.

  1. Döredijilik we dizaýn (Creativity & Design)

Grafiki dizaýn, animasiýa we sanly sungat ulgamlary — bularyň ählisi çaganyň hyýal güýjüni ösdürmäge we pikirlerini düşnükli, täsirli hem-de kesgitli beýan etmegine ýardam berýär. Merkezde çagalara meseleleri döredijilik nukdaýnazaryndan görmegi we pikirlerini owadan hem täsirli taslamalara öwürmegi öwredýärler.

  1. Telekeçilik we durmuş endikleri (Entrepreneurship & Life Skills)

Maliýe sowatlylygy, özüni alyp barmak sungaty, köpçüligiň öňünde çykyş etmek, gepleşikleri geçirmek, liderlik we topar bilen işlemek, olary dolandyrmak — bular, durmuşyň islendik ugrunda gerek bolup biljek endiklerdir. Merkezde çagalara öz taslamalaryny “pikirden” kagyzda ýazga, soňra durmuşda amala aşyrmak tapgyryna çenli ösdürmek ukyby kämilleşdirilýär. Taýýarlan taslamalaryny ynam bilen köpçülige hödürlemek usullary we özüne bolan ynamy berkitmek öwredilýär.


CuriooKids — diňe bir okuw däl. Bu ýerde çaga köp ugurly, ählitaraplaýyn ösüş gazanýar, döredijilikli pikirlenmegi, täzeçil çemeleşmegi, döretmegi we yzygiderli ädimler bilen üstünlik gazanmagy öwrenýär.
“CuriooKids” okuw merkeziniň güýzki möwsümi başlanýar — hasaba alyşlar dowam edýär!
Çagalaryňyzyň bagtly geljegine oňyn goldaw berjek, dürli usulyýetleri birlikde alyp barýan, gyzykly, köpöwüşginli hem-de peýdaly bilimi sowgat etmek pursadyny sypdyrmaň.
Hormatly ene-atalar! Size “CuriooKids” okuw merkezimizde garaşýarys!
Has giňişleýin maglumat almak üçin telefon belgileri arkaly habarlaşyp, şeýle hem Instagram sahypasyndaky täzelikleri yzarlap bilersiňiz.
Salgysy: Aşgabat ş., N.Gullaýew (Nagina) köçesi, jaý 33
Habarlaşmak üçin:
+993 71 803535;
+993 71 80-65-65;
26-69-65.

Instagram: @curioo.turkmenistan 
TikTok:
@curioo.turkmenistan


22.06.2026 14:18
7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.3k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......