Kriştianu Ronaldu öýlenýär. Jorjina Rodriges adaglanandygyny aýtdy

  • 12.08.2025 14:13
  • 20k+

Portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu öz söýgülisi Jorjina Rodrigese durmuşa çykmagy teklip etdi.

Adaglama barada Jorjina sosial ulgamlarda habar berip, nika ýüzüginiň suraty we “Razy. Şu we ähli ömrümde” (Sí, quiero. En esta y en todas mis vidas) ýazgysy bilen paýlaşdy.
Ronaldu bilen Jorjina 2016-njy ýyldan bäri gatnaşýar. 31 ýaşly model we 40 ýaşly futbolçy bäş çagany terbiýeleýär: Kriştianu-kiçi, ekizler Ýewa we Mateo, şeýle-de umumy gyzlary Alana Martina we Bella Esmeralda.

Iýun aýynda Ronaldu saud “Al-Nasry” bilen şertnamasyny 2027-nji ýyla çenli uzaltdy. Ol Portugaliýanyň milli ýygyndysyndaky karýerasynyň dowamynda Ýewropa çempiony boldy (2016) we iki gezek UEFA-nyň Milletler ligasynda ýeňiş gazandy. Şeýle-de, Kriştianu bäş gezek Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy we şonça gezek “Altyn topy” aldy.
Karýerasynyň dowamynda hüjümçi Lissabonyň “Sporting” klubunda, “Mançester Ýunaýtedde”, Madridiň “Realynda” we “Ýuwentusda” oýnady.


şu gün 10:24
1k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......