Ulan-Batorda Türkmen-mongol işewürler forumy geçirildi

  • 03.06.2025 12:17
  • 3.4k+

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa döwlet saparynyň çäklerinde 2-nji iýunda Türkmen-mongol işewürler forumy geçirildi.

Mongoliýanyň Milli Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda geçirilen duşuşykda döwletara dialogyň täze tapgyrynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge, maýa goýum hyzmatdaşlygynyň we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Foruma Mongoliýanyň we Türkmenistanyň ugurdaş döwlet edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň täze ösüşi başdan geçirýändigini hem-de anyk netijelere gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler.
Uly monitorda iki ýurduň ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri barada wideofilm görkezildi. Onda iki ýurduň maýa goýum ýagdaýy, kanunçylygy we döredilýän ýeňillikler barada giňişleýin maglumat berildi.
Forumda dürli pudaklarda ýöriteleşen mongol we türkmen kompaniýalarynyň birnäçesiniň wekilleri çykyş etdiler.
Mongol işewür toparlarynyň wekilleri türkmen hyzmatdaşlary bilen göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, wekiliýetleriň alşylmagynyň, ugurdaş forumlaryň, sergileriň we beýleki çäreleriň yzygiderli guralmagynyň möhüm ähmiýeti bellenildi.
Foruma gatnaşyjylar iki dostlukly döwletiň hem netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýändigini tassyklap, bu hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Bu ugurlar türkmen-mongol söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerine bagyşlanan sessiýada ara alnyp maslahatlaşyldy.
Günüň ikinji ýarymynda iki ýurduň döwlet düzümleriniň we hususy bölegiň wekilleriniň arasynda gepleşikler geçirildi, olaryň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Işewürler forumynyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.


düýn 11:41
3k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......