Türkmen işewürleri hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde Germaniýada saparda bolarlar

  • 14.08.2025 17:03
  • 5k+

22-nji sentýabrdan 9-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň wekilleri Germaniýanyň Karl Duisberg merkezleri tarapyndan gurnalan «Germaniýa bilen biznes hyzmatdaşlygy» maksatnamasyna gatnaşarlar. Maksat — täze gönüden-göni aragatnaşyklary döretmek, tejribe alyşmak we ýurtlaryň ykdysady özara gatnaşyklaryny berkitmek diýip, ORIENT habar berýär.

Üç hepdelik saparyň çäklerinde ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndan ýolbaşçylardan ybarat wekiliýet Germaniýadaky kärhanalara baryp görer, okuw-seminarlara gatnaşar we B2B formatynda işewürler bilen duşuşyklar geçirer. Gatnaşyjylara «Made in Germany» pelsepesi bilen tanyşmaga we ýerli önümçiliklerde ulanyp boljak çemeleşmeleri öwrenmäge mümkinçilik berler.
Deslapky maglumatlara görä, türkmen toparyna Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, oba hojalyk we ýer serişdeleri gullugy, maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de önümçilik birleşmeleriniň we hususy kärhanalaryň wekilleri girer.
Maksatnama iýmit önümçiligi we oba hojalyk; ýaşyl tehnologiýalar, ak şäherler we oba hojalygy; gaýtadan işleýän senagat (dokma, farmasewtika, himiýa); aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar, gurluşyk; logistika we ulag ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.


03.06.2026 15:06
4.4k+

Türkmen telekeçileri Buharestdäki awtosalona çagyrylýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň telekeçilerini Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde 6-njy oktýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Bucharest Auto Show & Accessories 2026» 23-nji......

24.03.2026 16:33
7.5k+

Türkmenistan Belgraddaky EKSPO — 2027 üçin pawilýon gurmak boýunça gaýtadan bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi Belgrad şäherinde geçiriljek EKSPO — 2027 Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisi üçin milli pawilýonyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça gaýtadan halkara bäsleşigini yglan etdi...

17.03.2026 18:15
2.7k+

Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar

Şu gün, 17-nji martda Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda giň gerimli sergi öz işine başlady. Bu sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanýar. Serginiň...

31.01.2026 02:46
2.5k+

Aşgabatda geçiriljek sergä Türkiýäniň 100-e golaý kompaniýasy gatnaşar

Şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkiýäniň dürli ugurlarda ýöriteleşen 100-e golaý kompaniýasy hasaba alyndy...