Aşgabatda Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda işewürlik maksatly 8 sany bina açyldy

  • 27.05.2024 13:31
  • 15k+

Aşgabat şäheriniň gününde paýtagtymyzyň Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda “Garagum” myhmanhanasyna golaý çäkde işewürlik maksatly binalaryň birbada 8-si açylyp ulanmaga berildi.

Desgalaryň birmeňzeş nusgadaky taslamalary bitewi binagärlik sazlaşygyny emele getirýär.
Täze açylan desgalara döwre mahsus atlar dakylypdyr. Olar “Nur bina gurluşyk”, “Bina nury”, “Ýakymly kümüş suwy”, “Türkmen bina gurluşyk”, “Ylham senagat”, “Nurly meýdan”, “Bagtyýar gurluşyk” binalarydyr. Desgalaryň birinji gaty söwda we hyzmat ulgamynda iş alyp barýan telekeçileriň garamagyna berlip, olarda dükanlar, hyzmat ediş bölümleri, garbanyşhanalar ýerleşýär. Bu ýerde garyşyk we belli bir ugra ýöriteleşen harytlaryň söwdasyny etmek, ilata hödürlenilýän dürli durmuş hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Binalaryň ýokarky gatlary telekeçiler üçin edara ediş ýerleri hökmünde ulanylar. Iş otaglarynda häzirki zaman tehnologik enjamlary ornaşdyrylyp, işewürlik duşuşyklaryny we dürli çäreleri geçirmek üçin-de ähli şertler döredilipdir.


düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

01.06.2026 07:34
8.4k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......