Awstriýaly enjam öndürijiler türkmen hyzmatdaşlaryny işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrarlar

  • 26.05.2024 09:44
  • 5k+

4-5-nji iýunda Aşgabatda Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparyň on ikinji mejlisi geçiriler. Mejlisiň çäklerinde şeýle hem işewürler duşuşygyny geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu barada şenbe güni Hökümet mejlisinde B.Atdaýew habar berdi.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, senagatda innowasiýa tehnologiýalary, energetika,  energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri, ekologiýa taslamalary we galyndylaryň dolandyrylyşy, gurluşyk hem-de ulag infrastrukturasy, hyzmatlar ulgamy,  saglygy goraýyş we derman senagaty, oba hojalygy we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek ýaly ugurlarda döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem bilelikdäki resminamalara gol çekiler.
Işewürler duşuşygynyň dowamynda Awstriýanyň enjam öndüriji kompaniýalarynyň işläp taýýarlamalary bilen tanyşmak, birnäçe ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek meýilleşdirilýär.


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......