Raşid Meredow Horwatiýanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

  • 17.07.2025 16:42
  • 1.9k+

16-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Horwatiýanyň daşary we Ýewropa işler ministri Gordan Grliç-Radman bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Söhbetdeşler halkara düzümleriň, ilkinji nobatda BMG-niň çäginde, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini kanagatlanma bilen bellediler.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň ýollaryna aýratynlykda garaldy. Şunuň bilen baglylykda söhbetdeşler Horwatiýanyň daşary we Ýewropa işler ministriniň şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana meýilleşdirýän saparynyň ähmiýetini nygtadylar. Şol döwürde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-horwat hökümetara toparynyň dördünji mejlisi hem-de Türkmenistanyň we Horwatiýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ykdysady forum geçiriler.
Söhbetdeşligiň dowamynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen baglanyşykly meseleler gozgaldy. Şeýle hem ministrler 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara forumynyň ähmiýetine ünsi çekdiler.


düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......