Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça ýaşlaryň arasynda Aziýanyň çempionatynda bürünç medal aldy

  • 14.07.2025 19:31
  • 18k+

18 ýaşly türkmen pälwany Alp Arslan Begenjow 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde geçirilýän erkin göreş boýunça Aziýanyň ýaşlar çempionatynda 79 kg agram derejede üçünji orny eýeledi.

A.Begenjow bürünç medal ugrunda tutluşykda özbegistanly Jorullo Abdufattohowy 12:1 hasaby bilen ynamly ýeňdi.
Çärýek final tapgyrynda Begenjow hindi pälwany Amit Amit bilen duşuşdy. Tutluşygyň dowamynda türkmen türgeni ikinji döwüň soňuna çenli 6:3 hasaby bilen öňdeligi saklaýardy. Emma garşydaşy güýçli usul bilen hüjüm edip, wagtyndan öň ýeňiş gazandy.
Şu ýylyň iýun aýynda hem Begenjow Wýetnamda geçirilen 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň ýaşlar çempionatynda şol bir agramda kümüş medal gazanypdy.

Mundan ozal, 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Ispaniýanyň Pontewedra şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda Alp Arslan Begenjow 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda erkin göreş boýunça Türkmenistandan ilkinji dünýä çempiony bolupdy.


03.06.2026 17:49
3.9k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......