Türkmenistanda zenan telekeçileriň biznes başarnyklaryny ösdürmek boýunça AWE maksatnamasy tamamlandy

  • 11.06.2024 14:13
  • 11k+

Aşgabatda Türkmenistanda ilkinji gezek amala aşyrylan “Zenan telekeçiler akademiýasy” (AWE) maksatnamasynyň jemi jemlendi. Mart aýynda işe girizilen we Ykdysatçylar birleşmesi bilen hyzmatdyşlykda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasyny tarapyndan amala aşyrylan bu maksatnama gatnaşyjylar öz telekeçilik taslamalaryny Aşgabat şäherinde biznes bilermenlerine hödürlediler diýip, TmCars-a diplomatik wekilhanada habar berdiler.

Dabarany ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Waýda Widugiris we Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesiniň başlygy Ýuriý Aronskiý açdylar.

“Biz şu ýyl Türkmenistanyň AWE-niň gatnaşyjy ýurtlarynyň 100-den gowragynyň hataryna goşulandygyna örän begenýäris.  Maksatnamanyň diňe Aşgabatda däl, eýsem, Amerikan burçlarynyň ýerleşýän Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherlerinde hem geçirilendigine aýratyn buýsanýarys” - diýip, Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Widugiris öz çykyşynda belledi. 


8-nji iýunda geçirilen jemleýji dabaraly çäre Arizona Döwlet Uniwersitetiniň “Thunderbird” Bütindünýä Dolandyryş Mekdebi tarapyndan işlenip düzülen onlaýn işewürlik kursundan, her hepde geçirilýän ýüzbe-ýüz duşuşyklardan, telekeçilik taslamasynyň üstünde işlemekden ybarat bolan üç aýlyk işi jemledi.
AWE – Döwlet departamentiniň maksatnamasy bolup, ol zenan telekeçilere üstünlikli kompaniýalary başlatmak we ösdürmek üçin zerur bolan bilim, network we elýeterlilik bilen üpjün edýär. Şenbe güni jemlenen maksatnamanyň 50 uçurymy 25 müňden gowrak AWE talyplaryndan ybarat bütindünýä jemgyýetine goşuldy.


03.06.2026 15:06
4.4k+

Türkmen telekeçileri Buharestdäki awtosalona çagyrylýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň telekeçilerini Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde 6-njy oktýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Bucharest Auto Show & Accessories 2026» 23-nji......

02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......