Tesla Mask üçin täze 29 milliard dollarlyk bonusy tassyklady

  • 07.08.2025 12:58
  • 5.1k+

Tesla öz esaslandyryjysy we baş direktory Ilon Maska 96 million paýnamanyň berilmegini tassyklady. Häzirki bazar bahalarynda olaryň bahasy 29 milliard dollardan geçýär. Bu barada kompaniýanyň paýdarlara ýazan hatynda aýdylýar.

Resminamada bu kararyň "Ilonyň güýç-kuwwatyny Tesla jemlemegi" üçin  kabul edilendigi düşündirýär. Şeýle hem, Maskyň "soňky sekiz ýylda saldamly  kompensasiýa almandygyny" nygtalýar.
Ilon Mask kompaniýanyň iň uly paýdary bolup galmak bilen, kompaniýanyň paýlarynyň 13%-ine eýeçilik edýär. 2018-nji ýylda Tesla onuň bilen şertnama baglaşdy we oňa görä, ol 100 milliard dollardan geçen pursadyndan başlap, bazar kapitallaşdyrmasy üçin her 50 milliard dollar üçin paýlaryň 1%-ini almalydy. Emma 2024-nji ýylda Delawer ştatynyň kazyýeti şol şertnamanyň ýerine ýetirilmegini petikledi we şol wagtky 55,8 milliard dollar hakyň “çenden çykmadygyny” aýtdy. Kazyýet şeýle tölegi beýleki paýdarlar babatda adalatsyzlyk hasaplady.
Täze karar, esasanam, 2025-nji ýylyň başyndan bäri Tesla-nyň paýnamalarynyň 25% pese gaçmagy sebäpli, ýene bir gezek tankydy seslenmeleri döredip biler. Bu esasan Maskyň aýdýan pikirleri, syýasy işjeňligi we käbir alyjylaryň hem-de maýadarlaryň arasynda nägileligi döreden, model hatarynyň könelmegi we hytaý öndürijileriniň bäsdeşliginiň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly. Kompaniýanyň girdejisi 2024-nji ýylyň üçünji çärýeginden bäri ösüş görkezmedi. 2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde Teslanyň girdejisi 12%, arassa girdejisi 16% azaldy.


20.06.2026 10:45
3.9k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....