Американский фармгигант Merck покупает за $10 млрд британскую Verona Pharma

  • 13.07.2025 18:32
  • 5.9k+

Amerikanyň Merck derman öndüriji kompaniýasy Britaniýanyň dem alyş ýollarynyň keselleriniň dermanlaryny öndüriji Verona Pharma-ny satyn alýar. Merkiň metbugat beýanatynda geleşigiň bahasynyň takmynan 10 milliard dollar töweregi boljakdygy habar berilýär.

Kompaniýa her paýnama üçin 107 dollar tölär, bu bolsa Verona Pharma paýnamalarynyň häzirki bahasyndan 23% ýokarydyr. Bu şertnama 2023-nji ýyldan - Prometheus Biosciences-iň 10,8 milliard dollara satyn alnanyndan bäri iň uly şertnama bolar.
Verona Pharma-nyň satyn alynmagy Merck-iň britan kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen we eýýäm ulanmak üçin tassyklanan Ohtuvayre (ensifentrin) dermanynyň hasabyna dowamly obstruktiw öýken keselini (COPD) bejermekde öz ornuny berkitmäge mümkinçilik berer. 2024-nji ýylda Ohtuvayre-iň satuwy 42,3 million dollar boldy. Seljerijileriň baha bermegine görä, onuň satuwyndan geljek ýyllyk girdeji 3 milliard dollardan geçip biler diýip, olara salgylanýan CNBC habar berýär.
Şertnama hakyndaky täzeligiň çäginde Verona Pharma-nyň paýnamalary 20,6 göterim ýokarlap, ýylyň başyndan bäri 125%-den gowrak ýokarlandy. Merck-iň paýnamalary 2,9% gymmatlady.
Merk KGaA dünýäniň iň köne derman, himiýa we biologiýa kompaniýasydyr. Ol 1668-nji ýylda esaslandyryldy we merkezi Germaniýanyň Darmştadt şäherinde ýerleşýär. Demirgazyk Amerikada bu brende EMD diýilýär. Kompaniýa gyzamyk, hapgyrtma, gyzylja, garamyk, rotawirus ýokanjy we pnewmokokk sanjymlaryny öz içine alýan köp sanly sanjym öndürýär. Derman öndüriji kompaniýanyň beýleki belli önümlerine Januvia (sitagliptin) ýaly süýji keseline garşy dermanlar we Lynparza (olaparib) ýaly rak kesellerini bejeriji dermanlar degişlidir.


02.06.2026 12:03
12k+

Трамп приобрёл акции владельца UFC на фоне продвижения турнира у Белого дома

Президент США Дональд Трамп приобрёл акции компании TKO Group Holdings (владеет промоушенами UFC и WWE) незадолго до начала активного продвижения турнира UFC Freedom 250, который пройдёт на территории Белого......

30.05.2026 08:05
3.5k+

Burberry посвятил новую рекламную кампанию культуре футбола

Британский бренд Burberry представил кампанию сезона осень-зима 2026 под названием A Good Sport, вдохновлённую футболом и культурой болельщиков....

29.05.2026 00:36
2.3k+

Стартап Itera показал первую в мире «жидкую» печатную плату

Американский стартап Itera представил прототип устройства, которое компания называет первой в мире «жидкой» печатной платой....

30.04.2026 07:20
2.3k+

Китай заблокировал продажу стартапа Manus компании Meta за $2 млрд

Власти Китая распорядились отменить сделку по покупке американской компанией Meta Platforms китайского ИИ-стартапа Manus стоимостью $2 млрд. Решение было принято после проверки, связанной с требованиями......