Samsung ABŞ-daky çip zawodlaryna maýa goýumlaryny 35%, ýagny 50 milliard dollara çenli artdyrar

  • 13.08.2025 15:57
  • 6.6k+

Samsung ABŞ-da çip öndürmeklige ozal meýilleşdirilen 37 milliard dollara derek, takmynan, 50 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada Günorta Koreýanyň SEDaily neşiri habar berýär. Neşiriň habar bermegine görä, kompaniýa ýarymgeçiriji önümlerini import etmekde 100 göterimli amerikan paçlaryndan boşadylmagyna garaşýar.

Ozal, Samsung-yň ýolbaşçylary ikirjiňlenýärdi: ilkibaşda Tehasyň Teýlor şäherindäki topluma, şol sanda çip synagy we gaplaýyş desgasyna 44 milliard dollar maýa goýmak meýilleşdirilipdi. Emma bu hyzmatlar üçin müşderileriň ýoklugy sebäpli taslama 37 milliard dollara çenli azaldyldy.
ABŞ-da içerki çip synagy we gaplamak boýunça öz kuwwatynyň bolmagyna zerurlygy artdyrýan Tesla bilen baglaşylan şertnamadan soň ýagdaý üýtgedi. Goşmaça maýa goýumlary Tehasdaky toparyň ösmegine we ýokarlandyrylan gümrük tölegleriniň girizilmek töwekgelçiligini azaltmaga mümkinçilik berer.
Teýlordaky esasy desganyň gurluşygy möhletinden öň tamamlanyp barýar: birinji çärýegiň ahyrynda binanyň takmynan 92%-i  tamamlandy we ony oktýabr aýynyň ahyryna çenli doly tamamlamagy meýilleşdirýärler. “Arassa otaglar” ýylyň ahyryna çenli enjamlary gurnamaga taýyn bolar we enjamlary gurnamaklyga bolsa indiki ýyl girişiler.
Günorta Koreýanyň habar beriş serişdeleri taslamanyň doly durmuşa geçirilmegi Samsung-y ABŞ-da ikinji uly şertnamalaýyn çip öndürijisine öwrer diýip bellediler. Ondan öň, ýylyň başynda Taýwanyň TSMC kompaniýasy häkimiýet başyna gelen Donald Trampyň basgysy bilen özüniň Amerika maýa goýumlarynyň mukdaryny 65 milliard dollardan 165 milliard dollara çenli ýokarlandyrmagy, üçüsine derek sekiz kärhana gurmagy wada berdi.


19.05.2026 20:20
2.7k+

Samsung-yň işgärleriniň öýkesi agyr: pul baýraklarynyň arasyndaky tapawut nägilelige eltdi

Samsung Electronics kompaniýasynyň 45 müňden gowrak işgäri korporasiýanyň bölümleriniň arasyndaky bonus tölegleri bilen bagly dawa sebäpli 21-nji maýda kompaniýanyň taryhyndaky iň uly 18 günlük iş taşlaýyşa......

09.05.2026 16:36
3.8k+

Samsung Hytaýda hojalyk tehnikalarynyň satuwyny doly bes edýär

Samsung kompaniýasy Hytaýyň materik böleginde ähli hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda telewizorlaryň we monitorlaryň satuwyny bes edýändigini resmi taýdan yglan etdi....

07.05.2026 20:52
2.8k+

Samsung Aziýanyň ikinji trillion dollarlyk kompaniýasy boldy

Samsung Electronics kompaniýasy TSMC-den soň bazar kapitallaşmasy 1 trillion dollardan geçen ikinji Aziýa kompaniýasy boldy. Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdiniň paýnamalary emeli aň çiplerine bolan güýçli......

06.05.2026 19:44
4.5k+

Samsung-yň eýeleri $8 mlrd möçberinde miras salgydyny töledi. Bu ýurt üçin rekord

2020-nji ýylda aradan çykan Samsung korporasiýasynyň ýolbaşçysy Li Gon Hiniň maşgalasy Günorta Koreýa üçin rekord mukdar bolan 12 trillion wona (8 milliard dollar) möçberindäki miras salgydyny dolulygyna töläp......