TSTB-niň wekiliýeti Owganystanyň Hyrat şäherine baryp gördi

  • 06.05.2024 15:24
  • 26k+

4-nji maýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Nökerguly Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Owganystanyň Hyrat şäherine sapar bilen bardy. Bu barada Pajhok habar berdi.

Saparyň maksady iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny giňeltmekden ybarat boldy.
Hyrat şäheriniň senagat we söwda edarasynyň müdiri Başir Muhammad Sirat türkmen wekiliýeti bilen birnäçe duşuşyklar göz öňünde tutulyp, wekiliýetiň Owganystanyň senagat zolaklaryna, şeýle hem Hyratdaky mermez zawdoyna baryp görmeginiň meýilleşdirilendigini belledi. Türkmen tarapy bilen mermer we gurluşyk materiallarynyň eskporty barada gepleşikler göz öňünde tutuldy.
Türkmen tarapy Hyratyň häkimi Nur Ahmad Islamjar bilen duşuşdy we duşuşykda häkim Hyratda 1000-e golaý zawodyň bardygyny belläp, olaryň önümleriniň hususy pudak tarapdan amala aşyrylýandygyny belledi.


03.06.2026 15:06
4.2k+

Türkmen telekeçileri Buharestdäki awtosalona çagyrylýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň telekeçilerini Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde 6-njy oktýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Bucharest Auto Show & Accessories 2026» 23-nji......

24.03.2026 16:33
7.5k+

Türkmenistan Belgraddaky EKSPO — 2027 üçin pawilýon gurmak boýunça gaýtadan bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi Belgrad şäherinde geçiriljek EKSPO — 2027 Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisi üçin milli pawilýonyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça gaýtadan halkara bäsleşigini yglan etdi...

17.03.2026 18:15
2.7k+

Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar

Şu gün, 17-nji martda Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda giň gerimli sergi öz işine başlady. Bu sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanýar. Serginiň...

31.01.2026 02:46
2.5k+

Aşgabatda geçiriljek sergä Türkiýäniň 100-e golaý kompaniýasy gatnaşar

Şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkiýäniň dürli ugurlarda ýöriteleşen 100-e golaý kompaniýasy hasaba alyndy...