Tramp 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň bijeleriniň çekiljek senesini we ýerini aýtdy

  • 23.08.2025 18:33
  • 22k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň bije çekişiginiň 5-nji dekabrda Waşingtonyň Kennedi adyndaky Ýerine ýetiriş sungat merkezinde geçiriljekdigini habar berdi. Ol muny FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň gatnaşmagynda Prezidentiň iş otagyndan ýörite ýüzlenme bilen aýtdy.

Tramp amerikan paýtagty üçin bu çäräniň geçirilmeginiň möhüm wakadygyny belledi.

“Biziň üçin bu dünýä derejesindäki wakany getirmek we bu ýerde, paýtagtymyzyň medeni merkezinde ajaýyp adamlary we ajaýyp türgenleri, dünýäniň iň gowy türgenlerini ýygnamak uly mertebe” – diýip, Ak tamyň ýolbaşçysy aýtdy.

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň 16 şäherinde geçiriler. Oňa 48 milli ýygyndy gatnaşar we olar jemi 104 oýun oýnar. Toparlar her biri dört topardan 12 toparça bölner. Pleý-offa her toparçadan ilkinji iki orny eýelän ýygyndylar we üçünji orunlary eýelän iň gowy sekiz topar çykar. Ýaryşda ilkinji gezek täze tapgyr – 1/16 final bolar.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......