UFC-niň täze çempiony Hamzat Çimaýew dünýäniň iň gowy söweşijileriniň bäşligine girdi

  • 21.08.2025 16:34
  • 15k+

Orta agramda UFC-niň çempiony Hamzat Çimaýew täzelenen Pound4Pound (P4P) reýtinginde dördünji orny eýeledi. BAE-den ýeňilmedik söweşiji UFC 319 ýaryşynda geçirilen titul söweşinde GAR-yň wekili Drikus dýu Plessiden üstün çykandan soň birbada 10 orun ýokary galdy.

31 ýaşly Çimaýew garşydaşyny emin agzalarynyň biragyzdan karary bilen ýeňdi.
Dýu Plessi, öz gezeginde, titulyny elden gidirenden soň, reýtingde ýedi orun ýitirip, 11-nji orunda ýerleşdi.
Agram kategoriýasyna garamazdan iň gowy söweşijileriň sanawynyň başynda henizem ýeňilmedik ispan-gruziýaly söweşiji we ýeňil agramda çempion Iliýa Topuriýa ýerleşýär. Ikinji orny russiýaly Islam Mahaçew, üçünji orny iň ýeňil agramda çempion Merab Dwalişwili eýeleýär.


11.04.2026 11:48
6.5k+

Dana Waýt UFC-niň Ak tamda geçmeli turnirine päsgel berýän mesele hakda aýtdy

2026-njy ýylyň 14-nji iýunynda Ak tamyň Günorta meýdançasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän UFC Freedom 250 turniri, diňe bir promouşeniň däl, eýsem tutuş sport taryhyndaky iň uly we täsirli wakalaryň biri......

29.03.2026 15:17
10k+

Aleks Pereýra UFC-niň taryhynda iň uly şertnama gol çekdi: bir söweş üçin $10 mln

Garyşyk söweş sungatynyň (MMA) braziliýaly söweşijisi Aleks Pereýra UFC bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşdy we guramanyň taryhynda iň ýokary kepillendirilen zähmet hakyny alýan türgen boldy....

22.03.2026 16:26
10k+

Konor Makgregora UFC-ä dolanmaga resmi rugsat berildi

«UFC-niň iki agram derejesindäki öňki çempiony, meşhur irlandiýaly söweşiji Konor Makgregor özüne goýlan gadaganlyk möhletiniň tamamlanmagy netijesinde oktagona dolanmaga rugsat aldy» diýip, The Sun neşiri habar berýär...

13.03.2026 16:27
6.5k+

Dana Waýt Ak tamda geçiriljek UFC ýaryşynyň biletleriniň mugt boljakdygyny aýtdy

Ultimate Fighting Championship (UFC) promouşeniniň prezidenti Dana Waýt 14-nji iýundan 15-nji iýuna geçilýän gije ABŞ-nyň Prezidentiniň resmi rezidensiýasynyň çäginde geçiriljek UFC ýaryşynyň bilet syýasaty barada maglumat berdi...